Grenland balygy - TM HYZMAT BILMELI

TM HYZMAT BILMELI
Grenland balygy


Siziň görýäniňiz Atlantik okeanyň demirgazyk tarapyndaky Grenlandiýa kenarýakalarynda tutulan grenland akulasy (polýar akula). Balyga Kopengagen uniwersitetinden bir topar deňiz biolog alymlary gabat geldiler, gabat gelen gününden hem 5.5 metr uzynlykly balygy öwrenmäge başladylar. Bu görnüş öz haýal ösüşi we uzak ýaşaýyşy bilen tapawutlanýar. Polýar akulalar ýylda bary ýogy 1 sm ösýäler we ýetginjek döwründen 150 ýylda çykýarlar. Göz hrustalynyň radiouglerod analizi balygyň 512 ýaşyndadygyny bellemäge mümkinçilik berdi.

Indi bu balyk dünýämizde iň garry oňurgaly diýlip hasaplanylýar. Bu balykdan öň 392 ýaşly başga grenland akulasy iň garrysy hökmünde hasaplanylýardy. Şeýle balyklaryň ortaça ýaş dowamlylygy 272 ýyl. Olar demirgazyk Atlantika we demirgazyk buzly okeanlarda migrasiýa edýäler, ýöne käwagt başga ýerlerde hem duş gelýärler, mysal üçin, 2013-nji ýylda şeýle balygy Meksikan aýlagynda görüpdirler. Grenland akulalar başga balyklar bilen iýmitlenýärler, emma suwdaky süýdemdirijilere hem topulyp bilýärler, mysal üçin, sugun ýa-da suw aty.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (7 baha berildi berildi)

Okaldy: 181. Şü gün okaldy: 3


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs