TM HYZMAT BILMELI
Gyzykly Maglumatlarr


1. Iň agyr almanyň agramy 1 kilogram 849 gram (1.849 kg). Ony ýaponiýaly Hisato Iwasaki öz melleginde ösdürip ýetişdirýär.
2. Bambuk 24 sagadyň dowamynda 3 metre çenli ösüp bilýär.
3. Limonyň düzüminde klubnika görä has köp şeker bar.
4. «Gülki gülleri» diýlip atlandyrylýan güller bar. Ol gülleriň ýanynda hiç hili sebäpsiz ýarym sagatlap gülmek bolýar.
5. Ruýa raimondi ösümligi Günorta Amerikada ösýär. Bu ösümligiň geň tarapy ol ömründe ýekeje gezek, haçan-da 150 ýaşa ýetende gülleýär. Ol gülläninden soňra guraýar.
6. Agaçlar, esasan, howadan iýmitlenip, iýmitiň diňe 10%-ni ýerden alýar.
7. Käbir güller iýmit hökmünde hem ulanylýar. Mysal üçin, olardan dürli salatlary taýýarlap bolýar. Esasy zat gülüň ajysy çykýança suwa salyp goýmaly.
8. Hindistanda adaty däl Kalir-kanda atly ösümlik ösýär. Oňa halk arasynda «Aşgazany aldaýan ösümlik» diýilýär. Sebäbi onuň ýapraklaryndan iýen adamlar bi hepdä golaý açlygy duýmaýar. Bu ajaýyp ösümlik artykmaç agramdan saplanmak isleýänler üçin hem peýdalydyr.

Redaktordan: Şular ýaly gyzykly maglumatlary size gyzgyny bilen ýetirip durarys. Esasy zat, bizden daşlaşmaň. ➡tmhyzmat.com⬅ hemişe siz bilen!!! Başarsaňyz biziň salgymyzy dostlaryňyza salgy beriň! Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet.

Awtor: Leýla Garryýewa, «Bereketli toprak»
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 207.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Maşa

Oran uytgesik we tasin.Tazelerine garasyan biz siz bilen☺☺
17.05.19 05:16
 Kakageldi

Gaty tasin zatlar eken geň galyp otyrn şuvagdam şokda
09.05.19 13:34
 WEPKA

Gowy gyzykly zatlar koprak yazyn sular yaly zatlary
19.04.19 07:57
 Maral

Orangyzykly
18.04.19 03:44
 jem_l

ın gowysa 4-nji eken...hormatly G.Ahmet.. bizem hesıse «tmhyzmat»da we hemişe siz bılen
17.04.19 15:18

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak