TM HYZMAT BILMELI
Taryhda adaty bolmadyk
harby taktikalar


Köp harby taktikalarda adaty ýagdaýda buýruk berijiniň tiz wagtda gelen karary we garaşylmadyk öwrülşiklerden ybarat bolýar. Ýöne iň adaty bolmadyk taktikalar taryhda ilki eşideniňde akyla sygmajak ýalydyr, emma olar üstünlik getirdiler.

1. II asyryň ýazyjysy Polienyň ýazmagyna görä, Persiýanyň patyşasy Kambis II egiptliler bilen b.e öňki 525-nji ýylda bolan harby çaknyşykda egiptlileriň mukaddes haýwanlaryny ulanypdyr. Öz esgerlerine galkanlarynda ibislary suratlandyrmagy buýurdy (Tot atly hudaýyň şekili), esgerleriniň öňünden bolsa hakyky pişikleri ýöredipdir (Bast boginýanyň suratlandyrmagy) we güjükleri (Anubis hudaýyň suratlandyrmagy). Egiptliler üçin mukaddes haýwanlara şikes ýetirmek jenaýat hasaplanýardy we ölüm jezasy berilýärdi, şonuň üçin olar yza çekildiler we şäheri aňsatlyk bilen eýelenmegine ýol berdiler.

2. Ilkinji jahan urşy wagty nemesleriň bir ýerli suwasty gämiler Ýewropa azyk önümlerini daşaýan gämileri gark edipdirler. Açlyk düşmesiniň öňüni almak üçin Britan hökümeti sumka we çekijiň kömegi bilen suwasty gämiler bilen göreşmegiň usulyny tapdylar. Agşam uly bolmadyk sallarda deňize birnäçe artileriýalar bilen demirçileri göýberýärdiler. Haçanda olar suwasty gämileri görenlerinde ýanyna ýüzüp baryp üstüne sumka atyp, çekiç bilen urup aýnalaryny döwýärdiler. Şeýle usul bilen britanlylar 16 sany nemes suwasty gämileri gark etdiler.

3. B.e öňki 860-njy ýyllarda wikinglar şäheri talamagy maksat edinipdirler. Emma oba garaňda şäheri talamak kyn düşjegini bilip olar adaty bolmadyk taktika ulanypdurlar. Olaryň harby ýolbaşçysy ölen ýaly bolan bolup özinden gidip ýatypdyr, şol wagt esgerleri öz ýolbaşçylaryny şäherde jaýlamagy şäher stražniklardan rugsat sorapdyrlar. Netijede Troýan atyna meňzeş waka boldy. (ýagny içinden taladylar)

4. Orta aziýaly basypalyjy, Timur Tamerlan tutuş aziýanyň taryhynda uly orun eýeleýär, Deli şäherini basyp almakda ol hem adaty bolmadyk taktika ulanypdyr. Haçanda 1398-nji ýylda ol hindi goşunlary bilen çaknyşanda onuň esgerleri hindileri äpet we güýçli ýaraglanan pillerinden gorkup, gaçyşyp başlapdyrlar. Netijede Timur Tamerlan azyk önümleri daşaýan duýeleri ýüklemegi buýurdy. Soňra ol düýelerden ybarat bolan topary otlap, olary pilleriň üstüne goýberdi. Ot bilen ýanyp gelýän düýeleri güýçli ýaraglanan piller görüp, gorkup, yza çekilip başladylar, şol sanda piller duýelerden gaçyp öz ýolunda duş gelen ähli hindi goşunlary derbi-dagyn edip geçdiler.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 320.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak