TM HYZMAT BILMELI
Internetsiz smartfon


Dürli gornüşli telefonlary öndürmegi bilen tapawutlanýan "SAMSUNG" internete birigip bolmaýan smartfon işlap düzdi. Kompaniya okuwçylara we internet bilen arasy bolmadyk beýleki muşderilere niyetlenen "GALAXY J2 PRO" modelini satuwa çykardy. Telefonda 3G, 4G LTE ya-da Wi-Fi yaly internete degişli hiç zat ýok. Jan etmek hem-de sms ibermekden başga telefonda surata düşürmek, aýdym-saz diňlemek ýaly aýratynlyklar bar. Uly ekrany bolansoň, uly yaşly adamlar üçin hem amatly hasaplanýar.

4 ýadroly mikroprosessory bolan enjamyň 1,5 GB RAM-y we 16 GB ýady bar. Ekranyň ululygy 5 dýuým bolup, yzky kamerasy 8 megapiksel, önki kamerasy 5 megapiksel. "Android" amaly ulgamynda işleyan telefonyň agramy 138 gram. Ilkinji nobatda, öz ata watany Günorta Koreýada satuwa çykaryljak telefonyň bahasy 168 dollar diýlip kesgitlendi. Häzirlikçe enjamyň dünýäniň beýleki bazarlarynda haçan müşderilere ýetiriljekdigi mälim edilmedi.


Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.9/5 (9 baha berildi berildi)

Okaldy: 111. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak