TM HYZMAT BILMELI
Kagyz pulyň döreýşi hakda


Häzirki döwür dünýäni kagyz pulsyz gözegne getirmek kyn. Kim bilýär elektron pullar olaryň ýerini tutarmyka we umuman şeýle öwrülşik bolarmy ýa bolmazmy belli däl. Kagyz pullaryň nirede dörändigi hakda pikirlenýänimiz azdyr. Asly ilki bilen kagyz pullary işe girizen Hytýdyr, bul hem Hytaýyň bir fakty bolup durýar. Bu biziň dünýämize diňe farfor, kükürt, kompas we beýleki peýdaly açyşlary sowgat etmekden daşary hem kagyz pullary ulanmakda nusga boldy.

Ilki şaý-köpük pullaryň Hytaýda dörändigi hakda Hytaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleri hem subut edýär. Agtaryş işleriň netijesi laýyklykda 11-nji asyryň galyndyrlarynda tapylan şaýlar – puldygyny subut etdiler. Köne köpükler, kümüşden we gyzyldan ýasalandyr, daş keşbi tegelek görnüşde, ortasynda bolsa dörtburç deşijek bar. Olar Hytaýyň standart pul birligi hökmünde ulanylýardy. Metaldan ýasalan pullar söwda üçin iň amatlydylar, çünki olary özbaşdak ýasamak kyndy. Emma kyn tarapy hem bardy, pullaryň köp bolan mahallary olary ýanynda götermek kyn düşýärdi. Baýlar pullaryny geçirmek üçin ýörite arabalary tutýardylar. Ynha şol wagtda hem Hytaý halky hem “sýaodzy” – ýagny resmi kagyzlar, haýsylar pulyň we mukdarynyň subutnamasy bolup durýardy. Baýlara kömek bolup pullary saklamak üçin ýer berýän kärhanalar çykyş edýärdi. Olaryň kömegi bilen döwlet ykdysadyýet ýagdaýy sazlaýardy, adamlar bolsa – pullaryňy ýygnaýardylar. Şeýdip ilkinji banklara meňzeş guramalar döräp başlady. Şol “banklaryň” eýeleri we müşderileri kagyzlarda amatly şertler gördiler we şol sanda ilkinji resmi kagyz pullaryň dolanşyga gelmegine getirdiler. Bu döwür Sun dinastiýasynyň başlangyjyna düşýär, ol Hytaýy 10-njy asyrda dolandyrýardy.

Kagyz walýutasy söwda işleri amala aşyrmak üçin iň amatly şert bolup durýardy, beýleki demirden ýasalan köpükleriň ýerini tutdy. Şol wagt ýurtda “Pul rewolýusiýasy” bolandygy üçin ýurt çalt depginde öňe çykdy, şol wagty başga ýurtlaryna garaňda. Kazgy pullar Hytaýyň 4 welaýatlarynda öndürilýärdi, olaryň öndürmek üçin gara çernillar ulanylyp ýüzüne şol wagtyň ýolbaşçylaryň we imperatorlaryň suratlary ýa şekiller çekilýärdi. Kagyz dolanşygynda ýasama pullaryň köpeljegine aňyp, hökümet hem birnäçe gorag tilsimlerini oýlap tapýardylar: ýasamasy kyn bolan krasiteller, özboluşly peçatlar, haýsylar ýasamak gaty kyn bolýady, kagyzlaryň ýuzunde bolsa pullary özbaşdak ýasaýanlara duýduruşlar we tutulan ýagdaýynda beriljek jezalar ýazylýardy.

10-njy asyryň pullary “sýaoszy” diýlip atlandyrýardy we olary söwda işlerde resmi kanuny pul birligi hökmünde tutuş imperiýada ýöreýärdiler. Olaryň iki görnüşi – “1” we “100”. Şeýle ýagdaý 1279-njy ýyla çenli dowam etdi, şol wagtda mongollar Hytaýy basyp aldylar we 10 ýyllap kagyz pul ýatdy. Ýöne Ýuan dinastiýasynyň dolandyryş döwründen başlap kagyz pullar ýene-de söwda ýolyna duşdirler. Şol wagtlarda ýurda Marko Polo geldi we kagyz pullary görüp, beýle açyşa haýran galyp birnäçesini Ýewropa alyp gitdi.
Ýurduň gyzyl gorlarynyň dolanşygy ýitendigi zerarly, pullar hümmetini ýitirip başladylar we ýurtda inflýasiýa bilen ykdysady çökgünlik boldy. Indiki Hytaý baştutanlar 14-nji asyrdan başlap kümüş we gyzyl pullaryň dolanşygyny işe girizdiler, banknotlar bolsa 19-njy asyra çenli dolanşykdak ýitirdiler. Şol wagt Hytaýda ýenede kagyz pullary çap edip başladylar we olara “ýuan” adyny dakdylar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.1/5 (23 baha berildi berildi)

Okaldy: 810. Şü gün okaldy: 5


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs