TM HYZMAT BILMELI
"Kakama" goşgy


KAKAMA...
Bu gün biz aýryldyk KAKA mährinden,
Şu goşgyny düzýän men zalym KAKAMA...
Näme üçin taşladyñ biziñ elimiz?!
Içimdäkin aýdaýyn çyndan KAKAMA...

Ogluñ uzaklarda ahmyr çekýärdi,
Ýöne syr bildirmän ýuwdup gezýärdi.
Illerden syr gizlän bolup gezýärdim,
Emma bu syr däldi, aýdyñ KAKAMA...

2-nji bölüm:

Iki müñ on ikiñ tomus wagtydy,
Bütin ykbalymyñ çözülen wagty.
Soñ asla görmedik birek-biregi,
Biz ulalandyrys, aýdyñ KAKAMA...

Nähili KAKA bolmaly däldigin,
Öwrendim men senden çynym KAKA jan.
Ýedi ýyl bolupdyr aýralygymyza,
Indem geläýmesin, aýdyñ KAKAMA...

3-nji bölüm:

Taşladyñ maşgalañ tutuş elini,
Nädip etdi ýüregiñ beýle zalymlyk?!.
Dag ýaly ejem bar, Allama şükür,
Biz indi gülýaly aýdyñ KAKAMA...

Garaşdym, garaşdym köp garaşdym,
Harby gullukdakam hasam garaşdym.
Harby gullugy men tamamlan günüm,
KAKAMDAN sowadym aýdyñ KAKAMA...

4-nji bölüm:

Iñ soñky aýtjak zadym KAKAMA,
Indi sen gerek däl "gyzyl" bolsañam.
Ogluñdan eşitmek beýle sözleri,
Belki agyr deger, meniñ KAKAMA...

Ýöne bu sözleri ogluñdan eşitmek
Miýesser etmesin, hiç kime Allam.
Menem diýjek däldim, aslynda muny,
Janym ýanyp diýdim, aýdyñ KAKAMA...

5-nji bölüm:

Ejem goraýandyr, penalap bizi,
Islendik beladan, howpdan-hatardan.
Ejem jan gijesin gündize öwrüp,
Işleýär biz üçin aýdyñ KAKAMA...

Goşgymy soñlajak, hormatly admin,
Sizede minnetdar, hormatly admin.
Edýänim dogrumy hormatly admin?!.
Onda näme sagbol, hormatly admin!!!

Goşgy ulanyjymyzdan gelip gowuşdy:
Awtor: (awtor görkezilmedi).


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (20 baha berildi berildi)

Okaldy: 403.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 jelil

Aù şonnodo kaka tapdyranok günäsini geçäúiñ
20.05.19 21:35
 Maral

Su gosgyn dogamyna garasyas!
06.03.19 18:18
 Aŷgũl

😢😢😢😢gowy goşgy yazypsyńyz dowamyny getirmegińizi haŷyş edŷärin
05.03.19 22:21
 M

Sular yaly zalym kakalar bolmasyn
24.02.19 23:36
 Maral

Dogry ve dusnukli yazylypdyr! Aslynda doretme baslanson taslama!
19.02.19 18:33
 M

Kaka kaka bolsada don yurek namart adamdan kaka bolarmy su gosguny duzen kimem bolsa gowy duzupdir 👍
18.02.19 12:45
 s

kaka kakadyr welin namart kakadan kaka bolmaz. Cagasynyn elinden tutmadyk kakadan Enesi merit ekeni Enelere hormat goymak borjumyzdyr. Awtor kim bolsada gowy yerine dusupdir. Seyle hem dusnikli yazylypdyr.
13.02.19 21:00
 Gül

Nähili bolsa- da kaka ahyry
13.02.19 14:12

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak