Kambodja: Jeňňellik we ybadathanalar ýurdy - TM HYZMAT BILMELI

TM HYZMAT BILMELI
Kambodja: Jeňňellik we ybadathanalar ýurdy


Aziýanyň günorta-gündogar döwletleriň arasynda Kambodja aýratyn orun eýeleýär. Bu ýurt her ýyl ýüzlerçe syýahatçylary özine çekýär, hususanda turistlar hem olaryň esasy girdeýjisi bolup durýar. Olar bärik owadan Siam aýlagynyň kenarýakalaryny görmäge, ekzotik däp-dessurlary öwrenmäge, onuň baý we gynançly taryhy bilen gyzyklanmaga gelýärler.

Ýaňy-ýakyndaky geçmiş
1975-1990 ýyl aralykda Kambodjada raýatlyk urşy gidip durdy, ol uruş hökümet başyna “gyzyl khmerlaryň” gelmegi bilen başlandy. Täze kommunistik düzgün ýurdyň ýaşaýşyny düýpgöter üýtgetdi, netijede onuň ilaty 20% azalmagyna getirdi. Uruş ähli ulanyp bolýan görnüşler bilen alnyp baryldy, häzirki wagty hem Kambodjada ýurdyň çäginde minalaryň bardygy hakda açyk çeşmeler habar berýär. Hususanda şol sebäpli Kambodja dünýäde “iň minalanan” ýurt diýlip hasaplanylýar.
Ýöne 1990-njy ýylda, totalitar düzgün düşürilende, ýurt wagtyň geçmegi bilen täzeden döräp, ösüp başlady we häzirki wagtda Taýland bilen deňeçer meşgur turistik ýer diýlip hasaplanylýar.

Ankgor

Ilki bilen bärde Aziýanyň taryhynyň gymmatyny bilýän adam üçin görere zat bar. Esasan Kambodjada dünýäbelli gadymy şäher Angkor ýerleşendir, ol şähere “Maugli wakalary” atly hekaýada Redýard Kipling suratlandyryp geçdi. Daşdan gurlan şäheriň ulylygy haýrana goýýar, şol sanda şol wagtyň arhitektur sungatyň ylaýyk saklanyp galmagy hem aýratyn üns bermäne mynasypdyr.

Esasy ajaýyplyk bolup, beýik Angkor-Wat atly 20 sany iri ybadathanalardan durýan toplumydyr. Aziýatlaryň we ýewropeýleriň çäksiz sanly turistlary bu ybadathanalary durmuşynda bir sapar bolsada görmegi makul bilýärler. Ýerli halky sylaşyk hökmünde ony milli baýdagynda, ýerli pul birliginde we ýurtda öndürilýän harytlaryň ýüzünde suratlandyryp goýdylar.

Suwyň üstündäki şäher

Äpet süýji suwly Tonlesap atly köl, ýurdy merkezinde ýerleşende we ol öz äpet ulylygy bilen syýahatçyny haýrana goýýar. Edil şu ýerde ýüzüp ýören platforma ýygnamalardan durýan ekzotik ýuzýän şäher ýerleşendir. “Şäher” diýlip bärde ýöne ýerik aýdylan däldir. Onuň içinde dükanlar, ýaşaýyş toplumlar, mekdepler we uly bolmadyk ybadathanalar ýerleşýändir. Bärde dürli reňkde, ulylykda we görnüşde gaýyklara duş gelip bolýar. Ähli üýtgeşiklikleriň içinde bolsa mekirlik bilen legelerde we ýasama sallarda ýerli çagalara duş gelip bolýar.

Pnompen

Iň uly şäher we Kambodjaň paýtagty Pnompen bolup durýandyr. Turistleriň köpüsi şu ýerik gelýärler, bärde ýerli üýtgeşik öwüşgünlere, köp etajly beýik jaýlar bilen sazlaşykly gelýän ajaýyp tebigatyň we täsin ybadathanalara görüp, lezzet almana gelýärler. Köp ekzotik naharlary söýüjiler hem bärik gelýärler. Ýerli kulinar sungaty Taýland bilen meňzeş gelýär diýsek ýalňyşmarys, şondada öz “aýratynlyklary” bilen biri-birinden tapawutlydyr. Isleg bolsa bärde bişirilen çekirtgeleri we tarakanlary dadyp bolýar, ýöne beýle naharlary esasanam Wýetnamdan we Hytaýda gelen aşpezler taýýarlaýarlar.

Kenarýaka dynç alyşy

Güniň aşagynda ýanyp ýatmagy halaýanlar üçin Kambodjanyň dürli ýabany we medenilleşdirilen kenarýakalar göwnejaý geler. Siam aýlawygy bilen utgaşýan owadan ak çäge we palmalar.


Makala baha ber:

Reýting: 3.8/5 (4 baha berildi berildi)

Okaldy: 161. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs