TM HYZMAT BILMELI
Karaoke hakda faktlar


Karaoke bary ýogy 40 ýyl mundan ozal döräpdir, ýagny 1971-nji ýylda, emma az wagtyň içinde tutuş ýer ýüzünde uly meşhurlyk gazandy.

Ilkinji karaoke enjamy şol wagtlar barlar we üýşmeleňlerde çykyş edýän aýdymçy toparlarynyň agzasy bolan Daýsuke Inoue atly ýapon oýlap tapyp, gurnady.

Ol pikir etdi, eger aýdymlar arasynda bolýan arakesmelerde adamlar garaşmagyň deregine, meşgur aýdymlaryň sazyny aýtdyrdyp öz zehinlerini barlap görseler, has gyzykly bolar.

Öz döreden enjamynada “karaoke” diýen at berdi, ýagny “boş orkestr” diýen manyny berýär. Dostlary bilen bilelikde olar progrywatelli, mikrofonly we “eho effektli” agaç gapyrjagy ýasadylar.

Haçanda baryň müşderileri döredilen bu täzelige gowy baha berenlerinde, dostlar kompanýa açmagy ýüregine düwdiler.

Kompanýa diýseň ýerine bardy. Ilkinji 11 sany enjamlar çalt satylyp, kärhana bahym ösüp başlady.

Emma kelleli ýapon öz enjamyny resmileşdirmedigi sebäplii, başga kärhanalar ol mümkinçilikden peýdalanyp, güýçli basdaşlyk döretdiler. Kompanýa döräninden 15 ýyl geçenden soň çökdi.

2004-nji ýylda Daýsuke Inoue degişme dessurda Ingobelewski premiýa bilen sylagladylar. Ony adamlaryň aragatnaşygynyň täze görnüşini açandygy üçin, ýagny bir-birleriniň seslerine çydatýan ukyby bolan aragatnaşykdyr.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 307. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak