TM HYZMAT BILMELI
Katar hakda faktlar!


Qatar, latin dildie Katar atly arab döwletiniň adynyň ýazylşy, tebigy tarapdan baý ýer diýp hasaplananok, hasaplanmagada dogrusy aýtsak bu döwlet howluganok, çünki ähli öndürilýän we ýetişdirilýän zatlary katarlylar “nebit pullaryň” hasabyna satyn alyp bilýändirler. Köp wagtam geçen däldir, Katar barada herkim bilip başlady, arab döwletlerindede hemem Ýewropadada. Çünki bu çölüň brillianty hakda biz näme bilýäs?

Kataryň ýerleşýän ýeri – Arawiýa ýarymadanyň demirgazyk-günbatarydyr. Bu döwlet dünýäde iň uly bolmadyk ýarym ada-da ýerleşendir, daş-töweregi Persiýa suwlary bilen gurşalandyr. Öz ölçegleri boýunça – meýdany 11 586 km kwadrat – ýurduň orny 197-den 158-nji ýerdedir.

Gözegne getirmegem kyn, çöllük ýerde tomusda temperatura 50 gradusdan geçýän meýdanlarda 2 million adam ýaşaýar. Arassa agyz suwy hem bolmadyk, deňiz suwlaryň arassalanmagy bilen alynýar. Katar ýarymadanyň çöllük ýerleri önümçilik bilen üpjün etmäge ukypsyz. Umuman alanymyzda bary ýogy ilatyň 10%-mini üpjün edip bilýär, galan 90% önümçiligi katarlylar daşary ýurtlardan satyn alýarlar: önümçilik bolmasada nebit pullary ýetikdir.

Iki million ilatdan 12.5 muň adam harby güýçlerde gulluk edýärler. Bular ýerasty, suwasty we howa güýçleridi. Ýurduň çäginde ýene 8 müň polisiýa işgärleri asudalygy saklaýandyrlar. Bu kiçiräjik çöllük meýdana eýe bolmak isleýänler elmydam bardylar:
Ilki bu Arab halifatydy, soňra Bahreýnyň emirler, Portugaliýa, yzy ýany – osmanlar. 1916-njy ýylda bu ýeri öz eline Beýik Britaniýa aldy, 1971-nji ýylda bolsa garaşsyz erkinlige göýberildi. Häzirkizaman ýaşaýjylara arz etmek hakda pikir hem edenoklar. WWP görkezijileriň ýokary bolmagy olary ähli zat bilen üpjün edýändir. Katarlylaryň esasy guwanjy – tebigy gaz. Gazyň gorlary boýunça Katar dünýäde iň uly 3-lige girýändir. Katar tebigy gazy iň esasy öndürijileriň biri bolup durýandyr. Tebigy gaz bar ýerde elbetde hem nebit bardyr, haýsy häzirki wagtda arassa görnüşde öndürilip dünýäde boýunça satylýandyr.

Ilaty köp bölegi esasan Dokda ýerleşen – bu Kataryň paýtagty. Döwlet dili hökmünde arap dili bellenen. Arap dili Kataryň çäginde ýeketäk resmi dil bolup durýar. Katarda araplar 40% az däldir, galanlary Hindistandan, Pakistandan we Eýrandandyr.

Hökümet Katarda emira degişlidir. Bu az duş gelýän monarhiýa düzgüni. Soňky 4 ýylyň dowamynda ýurdy garaşsyzlygy alynanyndan soň hasaplasak 4-nji emir dolandyrýar. Ýurduň baştutanyň ady – Tamm bin Ahmad bin Halifa Al Tani. “Baştutan” ol 33 ýaşynda bolandyr, çünki dünýäde Tamim iň ýaş monarh hasaplanylýar.

Finans tarapdan güýçli bolmagy Katara halkara derejede çäreler geçirmäge mümkinçilik berýär. Esasy üns sport çärelere berilýär. Kataryň soňky üstünlikleriň biri – halkara futbol çempionaty haýsy 2022-nji ýylda geçiriler.


Makala baha ber:

Reýting: 4.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 217. Şü gün okaldy: 4


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs