TM HYZMAT BILMELI
Kirpi hakda gyzykly faktlar


1. Kirpiler ýer ýüzünde 15 million ýyl mundan ozal döräpdirler.
2. Gyşda olar uka gitýärler, şol wagta bolsa kirpiň temperaturasy 34 gradusdan 2 gradusa düşýär. Dem alşy hem haýallaýar: 40-dan 8 dem alyşa çenli azalýar.
3. Kirpiň arkasynda 10 müňe golaý iňňe ösýär. Olar her 3 ýyldan çalşyp durulýar.
4. Iňňelerdeň ýaňa bolýan närahatlyklaryň biri hem – olaryň otuň ýylgyny hökmünde “işi”: haçanda kirpi ýer üstünde ylgap geçende, iňňeler kirpiň tenindäki ähli mör-möjekleri darap geçýärler, şol sanda kleşlar. Ýaramaz mör-möjeklerden dynma alajy ýok bolany sebäpli, haýwanlar bir mekirlige ýüz urýarlar. Ýagny tokaýyň içinde ýanan opilkalary tapyp özine basýarlar.
5. Ýokary agzalyp geçilen görnüşi epidemiologlar ensefolidiň çykma ähtimallygyny bellemek üçin ulanýarlar. Olaryň terminlarynda bir sagadyň dowamynda kirpiniň tokaý içinde ylgap çöpleýän kleş atly mör-möjekleriň sanyny aňladýan “kirpasagat” diýen düşünje bardyr.
6. Multfilmarda kirpileri köplenç arkasynda ýa alma ýa armyt daşaýandygyny görýäris. Aslynda kirpiler äpet zady öz arkasyna hiçhili berkidip bilmeýärler. Beýle geçiribilijiligi kirpiler üçin gadymy rim ýazyjylar hem belläpdirler – näme üçin sebäbi belli däl ýöne.
7. Kirpiň dişler (kirpide 36 sany diş bar) – garramagy sebäpli adamlaryňky ýaly gaçyp başlaýandyr.
8. Haýwan söýüjileriň arasynda kirpiniň guýrugyny gören azdyr: ony hakykatdanda tapmak kyn, ol gysgajyk (3 sm) we iňňeler bilen ýapylandyr. 9. Kirpiler tebigatdan bolşy ýaly körrüräk, şondada reňkleri saýgarýarlar. Tokaýda olara eşidiş ukyby we ys alyş ukyby öz ornuny tapmaga kömek edýändir.
10. Kirpileriň “gulakly” diýen görnüşi bardyr. Öz doganlaryndan bolan aýratynlygy gulaklylar guýlanmagy halanoklar, emma gaty çalt ylgaýarlar. Haçanda ýyrtyjy gulakly kirpini tutanda, ol näçe ýokary böküp bildigiçe böküp, öz duşmanyny iňňeler bilen sünçýär.
11. Alahörwenlere kirpiler ýörite awlananaoklar, emma olary gorkanoklaram. Kiçijek tikenli haýwanlarda ýylan zäherine garşy immunitet bardyr. Alahörwen kirpilere duş gelen ýagdaýyndada, kirpiler ony uly lezzet bilen iýerler.
12. Kirpileriň organizmlarynda başga zäherlere garşy hem immunitet bardyr, mysal üçin: sianistik kaliý, maşýal, sulemu we başgalar...
13. Kirpiler öýde sakla maga öwrenşdirip bolýar. Olar adam ellerine we öý haýwanlaryna oňaýly öwrenişýärler, ýeketäk kirpileri saklamandyklaryň sebäbi olaryň gije ýöreýşinden ýaňa çykýan gohly seslerdir.
14. Ýabany haýwanlaryň durmyşyna adamlaryň goşulmagy kirpilere täsir galdyrandyr. 2006-njy ýylda McDonalds öz öndürýän stakanlaryň diametrlaryny giňeltmeli boldy. Sebäbi kiçijek ýabany haýwanlara bu süýjimtik göwünlerine ýarandyr. Olar doňdurmalardan galan stakanlary tapyp içine girip ýalap çykýardylar, emma daşyna çykyp bilenokdylar, oňa stakanyň diametri päsgel berýärdi, netijede açlyk zerarly kirpiler içinde ölýärdiler. Haýwan söýüjilere beýle ýagdaý ýaramaz göründe we birnäçe arz-şikaýatlaryň netijesinde kompanýa stakanlaryň diametrlaryny giňeltdi.


Makala baha ber:

Reýting: 4.6/5 (8 baha berildi berildi)

Okaldy: 638. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



 Maşa

Haywanlary gaty soyyan.Kirpileri hasam ozum obada yasamson kop goryan kirpileri yone beyle gyzykly kop maglumatlary bilemokdym kop sagbolun sps
29.05.19 11:21
 Harper

Menem guýrukly kirpini gördüm onuñ uly gulaklaram bardy. $onda kirpiñ $eýle görnü$iniñ bar eken diýip galdym. Indi olar hakynda maglumatlar aldym. Köp sag boluñ admin. Ýene ýetirip duruñ
24.05.19 18:32
 Gyzylgul

Gaty gowy
19.05.19 08:52
 Cheper

Gaty gowy eken menem kirpi saklayan olary name bilen iymitlendirmeli sona gyzykyan olary nadip saklamaly .....
07.05.19 08:26
 ogulnabat

gaty gowy eken mana bu zatlar biologiya sapagynda oran uly orny tutyar su makalany yazanlara yly minnetdarlyk bildirmek isteyarin
02.05.19 08:48
 Anonimus

Gaty gowy
09.04.19 07:05
 Ahmedik

Gowy makala eken sps
04.02.19 03:53
 Agajan Annmyradow y

Gowy lrogramma haladym
12.11.18 19:37
 м

Говы
12.11.18 11:03

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak