TM HYZMAT BILMELI
Koka-Kola hakda faktlar


ABŞ-nyň köp ştatlarynda ýol gözegçilik polisiýa işgärleri ýol heläkçiliklerinden soň gany aýyrmak üçin ýanynda elmydama 2 gallon kola saklaýarlar. Koka-Kola – baýkerleriň söýgüli içgisidir. Olar kolany gowy görýänlikleriniň sebäbi...kola bilen motosikleriň hromlaryny ýalpyldadyp arassalaýar: koladaky fosfor kislotasy hrom bilen reaksiýa girende fosfat hrom emele getirýär, şol sanda hem ýalpyldatýar we hapadan gorap saklaýar. Edil şolar ýaly hem fosfor kislotasy hojalyk himiýasynda saklanylýar, hojalyk himikatlaryň kömegi bilen çüýrükleri arassalaýarlar, ondan başga-da kir ýuwujy poroşoklarda saklanýar.
Kolaly tarelka et goýsaňyz – 2 günden ol eti tapmarsyňyz. Sebäbi et kolan içinde eräp galar.
Maşynyň hrom bamperyndaky çüýrük ýerlerini aýyrmak üçin kola öllenen alýumin folga bilen süpüriň.
Hajathanany arassalamak üçin bir banka kolany rakowina guýuň we bir sagadyň dowamynda ýuwmaň, kolaň düzümindäki maddalar foýansdaky tegmilleri aýyrarlar.
Batareýlardaky poslap dargamalary aýyrmak üçin batareýiň özini ýönekeý kola bilen ýuwmak ýeterlik.
Çüýräp galan bolty towlamak üçin esgini kola bilen ölläp boltyň daşyny daňyp goýuň, birnäçe minut saklap towlaberiň.
Eşikleri hapadan arassalamak üçin kolany eşikleriň üstüne guýuň, oňa kir ýuwujy poroşok goşuň we kir maşynda adaty ýaly ýuwuň.
Kola ýagly tegmilleri arassalamaga kömek eder. Şeýlelik bilen kola awtoulaglaryň aýnalaryny tozandan arassalamaga kömek edip biler.
Siziň dykkatyňyza ýene ýetirmekçi: kolanyň esasy maddasy – fosfor kislotasydyr. Onuň pH-sy 2,8-deň bolup durýar. 4 günüň dowamynda aýagyňyzy eredip biljek güýji bardyr.
Kolanyň konstetratyny geçirmek üçin ýük ulagy ýöriteleşdirilen poddonlar (iki gat edip aşagynda goýulýan zat) bilen üpjün edilendir, sebäbi konsentrat birnäçe sagadyň dowamynda adaty metaly eredip bilýär. Kolanyň distribýutorlary 20 ýyl bäri ony ýük ulaglaryň hereketlendirijileriniň üstüni arassalamak üçin ulanýarlar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.2/5 (88 baha berildi berildi)

Okaldy: 13. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(65)



 Altyn

Kola demiri eretyan bolsa bizin icimizi natyandir so zada pul berman ona derek banan iyseniz saglyklydyr hayys janynyza haypynyz olam narkotik yaly zat taslamak kyndyr
19.05.19 12:13
 BayramHan gyzy

Aiii nm bolsada icxyan mna sonyyy.. Icxmeyan bamyyy
12.05.19 17:03
 Milashka

Bolup biler maslahatyna sag bol admin bilemokdym
12.05.19 10:25
 DaDeMiN YeKeJe GyZy

Men bir test edip gorum muny bir videodan gorup etdim sebabi men o video ynanmadym men yuregim cola dip uryadi on bu test edemson toba etdim cola suyt guydym 5-6sagat son yurek bulanc zat cykdy inni dine Gosa cynar icyan insAllah onda beylezat cykmaz cola dine jansyz zatlar un dir janlylaram jansyz edip biler
10.05.19 20:19
 Kakageldi

Napitak hem arassalaýjy madda bolup hyzmat edyaneken hmmm
09.05.19 11:53
 Anonimus

Tapsanyz icin 😂😂
09.05.19 00:43
 Altyn

Menin icyanim colady yone bu yazylanlary okap icjegimide icmejegimide bilemok.yone henizem men colany halayan
07.05.19 19:58
 Mergen Ataýew

Adam saglygyna zyýanlymy
28.04.19 19:21
 ......

Bay buuu hemme zat arassalaya dp saglygyna peydaly yerini aytmadylaray.ay mena sol nam etsede icman onup bilemok
23.04.19 18:50
 Gulsat

Sag bolun
23.04.19 10:40
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 61-52

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak