TM HYZMAT BILMELI
Krosswordyň taryhyndan


Ilkinji krossword Artur Winn tarapyndan düzülip, ol 1913-nji ýylyñ 21-nji dekabrynda "New York World" gazetinin ýekşenbe günündäki sanynda çykypdyr. Gysga wagtyñ içinde bu krossword halkyñ arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. 1924-nji ýylda kiçiräk neşirýat kompaniýasy tarapyndan şol döwre çenli neşir edilen krosswordlaryñ ählisi ýygnalyp, kitap görnüşinde çap edilipdir. Bu kitap Saýman we Şuster tarapyndan taýýarlanylypdyr.

Mundan soñra olar şol kitabyñ 2 tomuny çap edipdirler. Bu bolsa krossworda bolan köpçülikleýin gyzyklanmanyñ has-da artmagyna getiripdir. Soñra beýleki gazet-žurnallar hem munuñ göçürmesini alyp, öz gazetlerinde neşir edip başlapdyrlar. Şondan 10 ýyl geçenden soñ, krossword halk arasynda örän meşhurlyga eýe bolup, hat-da Ýewropa ýurtlaryna hem baryp ýetipdir. Beýik Britaniýada bolsa ilkinji gezek krossword "Pearson" žurnalynda neşir edilipdir.

"Times" žurnalynuñ sahypalarynda bolsa krossword 1930-njy ýylyñ fewral aýynda peýda bolupdyr. Britan krosswordlary kriptik (şifrli) krossword bolandygy üçin çylşyrymly bolupdyr. Kriptik krosswordlarda diñe bir boş öýjüklerdäki soraglara ýeterlik bolman, eýsem, bu boş öýjükleriñ añladýan manysyna düşünmek hem gerek bolupdyr.

Krossword düzmek üçin kompýuter programmasy oýlanyp tapylýança, ol diñe elde taýýarlanylyp gelnipdir. Bu programma ilkinji gezek "Variety Games LNG" programma üpjünçiligi kompaniýasy tarapyndan döredilipdir we "Krossword dokmaçysy" diýlip atlandyrylypdyr. Krossword çözmek ýatkeşligi, pikirlenişi ösdürýär, dünýägaraýşyñy baýlaşdyrýar. Häirki wagtda diñe ABŞ-da her günde takmynan, 40 milliona golaý adamyñ krossword çözmek bilen meşgullanýandygy barada maglumatlar bar.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet.


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (7 baha berildi berildi)

Okaldy: 181.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(2)



 jem_l

Gaty gowy bolupdyr makalañsmile:-Dsmile
04.03.19 13:28
 Maral

Tuveleme oglum! Alla penasyndas saklayn dogam et yazmagyny
24.02.19 23:09

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak