TM HYZMAT BILMELI
"Kyn eken" goşgy


Kyn eken

Süýji bolsaň, seni datman iýerler,
Ajy bolsaň, bir gyrada goýarlar,
Gedem bolsaň, senden basym doýarlar,
Ýalançyda, gowy bolmak kyn eken.

Ýuwaş bolsaň, çalt üstüňden basarlar,
Ýetim bolsaň, seni gyra gysarlar,
Pulsuz bolsaň, seni sana goşmazlar,
Ýalançyda, gowy gezmek kyn eken.

Ejiz bolsaň, köp üstüňden gülerler,
Aglap gezseň, gahar bilen bakarlar,
Sözlemeseň, boýnuňa zat dakarlar,
Ýalançyda, ýaşap gezmek kyn eken.

Kezzap bolsaň, gözenege salarlar,
Sansyz bolsaň, seni depip gezerler,
Jansyz bolsan, gara guma gömerler,
Ýalançyda, ýaşap gezmek kyn eken.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (15 baha berildi berildi)

Okaldy: 246.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 .....

Dogry!!!
28.03.19 07:07
 yusup

hakyky gowy seyle durmus barada gosgylana yenede garasyan
25.03.19 22:26
 Maral

Bagyslan okoyjy ady Ahmet
25.03.19 18:17
 Nurana

Gurbanjan indiki gosgularyna sabrsyzlyk bn garasyan yorite sen tomsacyn Nurana
23.03.19 08:13
 Maral

Alla zehinine hemayat etsin
15.03.19 09:03
 Maral

Tuveleme! dogamyna garasyas
07.03.19 20:10
 Semsat

Gowy gosgy eken eline saglyk. Gosgy koprak goymanyzy hayys etyaz
07.03.19 19:48
 jem_l

Gaty gowy gosgy eken.
07.03.19 19:35

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak