TM HYZMAT BILMELI
Manikýur hakda gyzykly faktlar!


Manikýur - adamyñ tenine ideg etmegiñ bir görnüšidir. Bu düzgüne massaždan, ÿörite wannalardan, ÿalpyldatmadan, dyrnaga forma bermekden, olary bezemekden, ösdürmekden ybarat bolan dyrnaga ideg etmekdir. Biz size manikür hakda gyzykly faktlary hödürleÿaris.

• Manikýur sözi 3 müñ ÿyl mundan ozal döräpdir. Ol iki sözden ybarat ÿagny, ("manus") "el" we ("cure") "ideg etmek".
• Dyrnaklaryñ plastinkasy diñe 4 aÿ soñ täzelenÿär.
• Dyrnak plastinkasy göwredäki düwünçege 3 aÿ bolandan soñ döräp bašlaÿar.
• Dyrnagy ösdürÿän serišdäni dyrnagyñ ösüp bašlaÿan ÿerine ÿagny, kutikulasyna goÿulÿar.
• Gadymy Ÿegiptde dyrnak plastinkasynyñ reñki bolupdyr. Onuñ reñki eÿeleÿän derejäñe bagly ÿagny, patyša aÿala diñe açyk reñkler degišli, gullara ÿapyk reñkler degišli bolupdyr.
• Gadymy Ÿegiptiñ mazarynyñ mumiÿalarynda ÿašyl we goñur reñkde boÿalan dyrnaklar tapylypdyr.
• Arheologlaryñ we taryhçylaryñ aÿtmagyna görä, Ÿegiptiñ soltany bolan Kleopatra dyrnagy üçin esasan gyzylymtyl- goñur reñk saÿlapdyr.

• Hytaÿlylar dyrnak üçin reñkleri želatinden, ÿumurtganyñ agyna gošulan dürli tebigy reñkleri ulanypdyrlar. Olar lak däl-de, pasta hilli boluldyr. • Bu reñkli pastany galyñ gatlak bilen çalyp, guraÿança garašypdyrlar. Soñra ony zamšanyñ bölejigi bilen ÿyrpyldaÿança arassalapdyrlar.
• Gadymy Hytaÿda özüçe oturtma dyrnak bolupdur. Ol uçluk bolup, altyndan ÿasalypdyr. Bu hilli dyrnaklary diñe baÿ adamlar edipdirler.
• Ÿewropanyñ teritoriÿasynda bu hilli pasta Ÿekaterina Mediçiniñ šalyk eden döwründe ÿagny, 16 asyryñ 60-70-nji ÿyllarda çykyp bašlapdyr. Šol wagtlar uzyn dyrnakly gezmegi we olary açyk reñkde boÿamagy rugsat edilmändir. Bu düzgün häzirki wagta çenli hem saklanyp galypdyr.
• Geçirilen barlaglaryñ netijesinde, kompÿuteriñ öñunde köp oturÿan adamyñ dyrnagynyñ plastinasy çalt ösÿändigi subut edildi. Sebäbi adamyñ barmaklary klawitura basmagy massaž hökmünde bolup, gan aÿlanyšy stimulirleÿär.
• Dünÿäde ilkinji reñkli lagy 1933-nji ÿylda peÿda bolupdyr, ony esaslandyryjy Revion kompaniÿada išlän Çarlz Rewson.

• Mundan bašga-da Çarlz Rewson lagyñ reñkini pomadañ reñki bilen deñ getirmek pikiri ilkinji bolup tapypdyr. Häzirki döwürde lak bilen pomadañ reñkini deñ getirmek moda bilen stiliñ düzgüni bolup galdy.
• 20 asyryñ 30-njy ÿyllarda manikür 38 sent bahada bolupdyr.
• Manikýur üçin ulanylÿan guraly ilkinji gezek 1830-njy ÿylda döredilipdir, ÿagny ol kičijik, nepis gaÿçy bolypdyr.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (32 baha berildi berildi)


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(34)



 BayramHan gyzy

Hmmmgou eken
12.05.19 17:10
 DaDeMiN yEkEjE GyZy

Ay hawwa bu dowurde manikur pqdikur makyaj bulan hemmesi gyz dimek gyz diymek bulan hemmesi diymek zwoy yuzune eline ayagyna ynanyan iok
12.05.19 17:08
 Merjen Wepa

guuzelll yani
01.05.19 14:17
 Anonimus

Örän oňat sps 👍 👌 ☺
25.04.19 08:26
 Marala

Bay buuuuuuuuu...
23.04.19 18:55
 aya

good
22.04.19 20:33
 Dilnoza

Örän gowy eken
19.04.19 21:06
 Gűljan

Nirden tapýańyz beýle ajayyp makalany?
18.04.19 00:48
 MAYYA

Hawa gyzykly zatlar yazylypdyr manikyur hakda indi stilistime su aydylan zatlary goz onune tutmagyny maslahat bererin sps
24.03.19 13:34
 Atsyz

Gaty gowy
21.03.19 21:54
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 32-23

Teswir galdyr






Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak