TM HYZMAT BILMELI
Matematika ylmy
we ol hakda gyzykly faktlar!


Ähli ylmy düzgünlerde özboluşly we üýtgeşik maglumat bardyr. Bu taryh bilen baglanyşykly bolup biler, taryhy şahyslar, ösüşler bilen. Aramyzda matematikanyň tarapdarlaram bardyr, matematikany ýigrenýänimizem bardyr. Biziň maglumatlarymyz diňe fiziklara däl, eýsem liriklara hem peýdaly bolar diýp umyt edýäs.

Angliýada gelip çykyşy arab bolan Abraham de Muawr atly matematik ýaşapdyr.

Ony düýşlerimiziň dowamlylygy gyzyklandyrypdyr. Ol düýş üçin berilen wagtymyzyň 15 minuda uzalýandygyny synlady. Onuň üçin, ýagny matematik üçin arifmetik progressiýasynyň hasaplamak gyzykly boldy. Wagtyň geçmegi bilen onuň düýşi 24 sagat wagt aljak eken. Ol günem 1754-nji ýylyň 24-nji noýabr – onuň ýogalan güni eken.

Izraýyl mekdeplerde çagalar

Izraýyl mekdeplerde çagalar + ýagny goşmagyň ýerine, başga T harpyň tesrlikän öwrülen görnüşde nyşanjyk çekýärler eken. Şeýle üýtgeşiklik ewreýleriň däp-dessurlary bilen baglydyr. Olar ýönekeý zatlardada hristian nyşanlardan daşda durmagy niýet edinýärler.

Matematik hasaplamaly alyp barmagy halaýanlar üçin

Matematik hasaplamaly alyp barmagy halaýanlar üçin ýewropa pulynyň hakykylygyny bilmek kyn bolmaz. Olarda 11 sany san we harplar ýerleşdirilen. Siziň eliňizde ýasamamy ýa hakykysydygyny bilmek üçin kellämizde harpy tertip sany bilen çalyşmaly, ýagny tertibi boýunça latyn harplygynda eýeleýän ornuna bagly, soňra ähli sanlary goşmaly (harply bilen), netijede 1-lyk sany emele gelýänçä. Eger-de sizde matematik hasaplamalardan soň “8” çykan bolsa – onda arkaýyn boluň pul hakykydyr.

Alfred Nobel öz premiýasy üçin ylmy düzgünnama spisogyny düzende oňa matematikany salmady.

Aýtmyşlara görä, ol matematikany halamaýandygynyň sebäbi, onuň aýaly matematik bilen ikilik edipdir. Aslynda bolsa Nobeliň aýaly bolmandyr. Hasda hakykada golaý başga subutnamalar bardyr. Birinjiden, Nobel laureatlar gündeki durmuşa wajyp, gymmaty bar bolan zady ornaşdyranlaryň arasyndan saýlanylýar. Matematika bolsa – teoriotik ylym bolup durýar.

“Has güýçli matematiklara” Relo üçburçlygy tanyş bolmaly.

Bu figura üç sany töweregiň kesişmeginde emele gelýär. Üçburçlugyň prosessine gatnaşýan töwerekler dörtburç şekilli deşikleri döretmäge päsgelçilik berenoklar, çünki şolar esasynda Relo üçburçlugy esaslanýar.

Mekdep hakda gyzykly faktlaryň biri:

Orsýetde “0” sany natural sanlara girmeýändigi çagalara belli. Emma günbatar okuw merkezlerine düşseler, “0” sany köplük natural sanlara girýändigi olary haýrana galdyrar.

Kazinoda ruletka sanlara bölünendir.


Şeýlelikde ol sanlaryň jemi – 666 deňdir, ynha şeýleräk gyzyklyja paradoks.

Birnäçe çözülmeýän matematik meseleler

Olaryň üstünde tutuş dünýä “kösendi”, netijede Djordj Dansig atly amerikan studenti çözdi. Günlerde bir gün uniwersitetde okuw wagty ol leksiýa gijä galdy, tagtadaky ýazylanlary görüp olary öý işdir öýdip pikir edipdir. Mysallar oňa gaty kyn göründiler – adaty mysallar ýaly däl. Birnäçe gün kelle agyrdandan soň, ol “ona şeýle agyr görünýän mysallary çözdi”.

Öz çagaňy matematika nädip höweslendirmeli?

Muny Sofýa Kowalýowskyň ene-atasyndan soramaly. Matematika ylmy hakda irki çagar döwründe bildi, haçandaonuň otagynda oboýlaryň ýetmeýän ýerlerinde ýazylan kagyzlar ýelmenip goýlandy – kagyzda bolsa Ostrogradskiniň leksiýalaryndan hatlar bardy. Ol hatlarda integral we differensiýal hasaplamalar suratlandyrylan.

π sany hakda ählimiz bilýän bolsak gerek.

Emma bagt onuň aňlatmasy bilen gabat gelýändigini bilýän az. 19-njy asyryň ahyrlarynda bir Amerikan ştatynda tasdan π sanyň aňlatmasyny kanuny edýärdiler, şol sanda oňa 3.2 aňlatma berip. Beýle ýagdaýa ýol bermezlik ýerli uniwersitetiň professorynyň goşulmagynda amala aşyryldy.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (1 baha berildi)

Okaldy: 160. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs