TM HYZMAT BILMELI
Meri Keý esaslandyryjy


Doglan senesi: 1918-ýyl 12-nji maý
Doglan ýeri: Tehas, ABŞ
Ýogalan senesi: 22 noýabr, 2001 ýyl
Ýogalan ýeri: Tehas, ABŞ

Meri Keý Eş – amerikaly telekeçi, “Mary Kaý Cosmetics” kompaniýanyň esaslandyryjysy.

Meri Keý 12-nji maý 1918-nji ýylda, uly bolmadyk ştat Tehasdaky Hot-Welle şäherçede doguldy.

1939-njy ýylda öý üçin haryt satýan kompaniýanyň wekili bolyp, söwdany ösdürmek üçin prezentasiýa etmegi oýlap tapdy.

Üstünligi ony arşa göterdi we 1952-nji ýylda ony başga şoňa meňzeş kompaniýa çagyrdylar, şol ýerde hem ol indiki 10 ýylyny işläp geçirýär, netijede bolsa aýallaryň deňhukuksyzlygy sebäpli işden çykýar.

1963-nji ýylda ol öz telekeçilik işini gurmak hakda oýlanyp başlaýar. Elinde bary ýogy 5.000 dollar we deri üçin losýonyň resepti bolan Meri Keý Dallasda dükan açýar. Ilkinji topary 9 adamdan, Meri we onuň oglyndan ybarat boldy. Ilknji ýyly girdeýji getirip başlady, ikinji ýyly bolsa girdeýji 1 million dollara barabar boldy.

Höwes we zähmetiň bolmagy sebäpli, şeýle hem öz işine bolan söýgusi Meri Keý söwda wekillerini okadyp başlaýar. Konsultantlar harytlary optom bahalardan alyp, satylyş bahalardan hem satýardylar, täze getirilen wekiller üçin bolsa bonus berilýärdi.

Häzirki wagta Meri Keý esaslandyran biznesi gülläp ösýär we her ýyl 2.2 milliard dollar girdeýji getirýär. 1968-nji ýylda onuň kompaniýasy aksioner bolýar, 1985-nji ýylda bolsa onuň 100% aksiýasyny Meri Keý özi satyn alýar.

Öz üstünlik söwdä alyp barmagyň tejribesini Meri birnäçe kitaplarda suratlandyrdy. Kitaplar 1981, 1984 we 1995-nji ýyllarda çap edildi.

1987-nji ýylda general direktor wezipesinden çykýar, ýöne kompaniýanyň esasy işlerinde galýar. 1996-njy ýylda öz adyna fond açyp, keselli çagalar we maşgalalara kömek edýär.

2001-nji ýylyň 22-nji noýabrynda ýogalýar.

Meri Keý üstünlikleri:

1. “Biznesda iň öňdebaryjy aýal” ady berilýär
2. Multikorporasiýanyň esaslandyryjysy

Gowy görýän reňki bägüldir, maşyny bolsa – kadillak. Hususanda bägül reňki harytlarda suratlandyrylýan esasy reňk bolandyr, kadilaklar olsa härizki wagt hem konsultantlaryň ýeten üstünlikleri üçin sowgat berilýär. Üç sapar durmuşa çykypdy.


Makala baha ber:

Reýting: 3.4/5 (8 baha berildi berildi)

Okaldy: 285. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(3)



 Anonimus

Gyzykly faktlar
12.12.18 21:26
 arzuw

👍
19.08.18 20:15
 Акжа

Makalanyza sag bolun ,beyik adamlar hakda okamany govy goryan .
29.07.18 09:53

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak