TM HYZMAT BILMELI
Muny bilmek gyzykly


1. Adamzat taryhynda ilkinji gezek ýaponiýaly Mieko Nagaoka atly 100 ýaşly suwda ýüzüji 1,5 kilometrlik aralygy 1 sagat 16 minutda geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol öz ýaşdaşlarynyň arasynda Dünýä rekordyny goýdy.
2. Hünäri boýunça elektrik Ýakow Tsiperowiç hakyky «Biorobota» öwrüldi. Ol birnäçe ýyldan bäri bir gezek hem uklamandyr. Häzirki wagtda 60 ýaşyna golaýlan Ýakowy gören adamlar oňa 35 ýaşy berýärler.

3. Wýetnamly Çan Wen Heý häzir 79 ýaşynda. Bu gojanyň saçynyň uzynlygy 6,8 metre ýetýär. Ol 25 ýaşyndan soňra asla dellekhana barmandyr.
4. 42 ýaşly kaliforniýaly zenan Jill Preýs 12 ýaşyndan soňra bolup geçen wakalaryň ählisini yzygiderli ýatdan bilýär. Täsin ukyba eýe bolan bu zenan diňe bir öz durmyşyndaky däl, eýsem, telewizordaky, radiodaky habarlary hem ýyly, aýy, hat-da sagadyň minutyna çenli yzygiderligini ýitirmezden gürrüň berip bilýär.

Redaktordan: Men bu maglumatlary “Bereketli toprak” N°11 (585) 18.03.2019ý. senede çykan gazetden ýygnap size ýetirmegi makul bildim. Käbir maglumatlara özüm hem ynanasym gelmedi, çünki, meniň pikirimçe bolmajak zatlar ýaly... Ýöne gazetde ýalan maglumatlary çap etmeseler gerek — diýip, siz bilen paýlaşasym geldi. Siz hem pikiriňizi açyk ýazyň, siziň pikiriňizçe birnäçe ýyllap uklamazlyk mümkinmi?! Üns berip okanyňyz üçin size köp minnetdar, hoş sagboluň!

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Çynar Annaýewa
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 268.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(5)



 Merjen Orazgulyyewa

it is nice.
11.06.19 16:56
 ALLABERENOV

Şolan yuzuni gorip bolmazmyka
27.03.19 19:28
 MAYYA

100 yaşly yuzuja berekella
26.03.19 15:23
 Maral

Oran tasin
26.03.19 13:44
 jem_l

Gaty tasin.yone cyndanam gyzykly..👍👍👍
26.03.19 08:32

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak