TM HYZMAT BILMELI
"Nirdekä" goşgy


Menem söýsem bir gözeli ezizläp
Maňa göwün berjek söýgim nirdekä?
Nirelerden tapyp bilerkäm yzlap
Maňa göwün berjek söýgim nirdekä?

Ýürek bilen söýse mydama meni
Menem ömür baky söýerdim ony
Şol gyza bolmazdy söýgimiň çeni
Hyýalymdaky perizat nirdekä?

Jogap bolup geljek meniň soragma
Haçan gowşaryn men, göwün geregme
Gelse derman bolup, hassa ýüregme
Gözleýänim, bagt guşum nirdekä?

Annagurban Annagurbanow


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (1 baha berildi)

Okaldy: 89.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(7)



 Karolina

Gowy goşgy yazypdyr
23.03.19 19:48
 jem_l

Way bolya.adam yalnysyp bilera..hormatly ahmedik..onnañam sayda gowja serdediñ..makala baha ber diyen yazgy barmy yok???
20.03.19 08:04
 Ahmedik

Hormatly adamlar hem okyjylar! Birinjiden bu makala däl-de goşgy. Ikinjiden bolsa, bu goşgynyň awtory men däl-de Annagurban Annagurbanow. Onda-da eden arzuwlaryňyz üçin minnetdar! Gyzykly wakalary ýetirip durarys, sagboluň!
19.03.19 23:39
 Ahmedik

Hormatl adamlar hem okyjylar! Birinjiden bu makala dä!-de goşgy. Ikinjiden bolsa, bu goşgynyň awtory men däl-de Annagurban Annagurbanow. Onda-da eden arzuwlaryňyz üçin minnetdar! Gyzykly wakalary ýetirip durarys, sagboluň!
19.03.19 23:38
 Maral

Ahmet iside ustunlik Alla sana zehin bersin dogamyna garasyas
15.03.19 15:02
 jem_l

Gaty gowy makala eken.galamyñyz ýiti bolsun..yene-de sular yaly makala garaşyas
14.03.19 13:09
 Maral

Tasin syrly vakalary kopurak yazyn dogamyna garasyas
14.03.19 04:50

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak