TM HYZMAT BILMELI
Nirden gözläýin


Agşam gördüm bir gözeli düýşimde
Aýdyň men ýarymy nirden gözläýin
Ýola düşdüm görmek üçin huşumda
Aýdyň men ýarymy nirden gözläýin

Aýlandym Daşoguz balkan ilini
Tapmadym düýşimde gören gülimi
Ýene dowam etdim söýgü ýolymy
Aýdyň men ýarymy nirden gözläýin

Mundan gitdim ýene Lebaba sary
Taparym öýdüpdüm ol gözel ýary
Ýa menden gizlenýä şol günden bäri
Aýdyň men ýarymy nirden gözläýin

Lebapdan tapmamsoň gelipdim Mara
Bärdede duşmadym düşdäki ýara
Haçan men taparyn derdime çäre
Aýdyň men ýarymy nirden gözläýin

Umyt bilen geldim Ahal düzüme
Şeýle tanyş geldi biri gözüme
Sataşdym düýşdäki söýen gyzyma
Indi men özgäni neneň gözläýin

Annagurban Annagurbanow


Makala baha ber:

Reýting: 4.0/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 159. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(4)



 Dursunjemal

Gowy goshgy
09.06.19 23:31
 B.O.

Govyja gosgy eken
22.04.19 17:58
 S. D. n.

Galamyn yiti bolsun.
03.04.19 21:35
 M

Bagyslan sonky dovurde alnasap yazyamyn baslesyamin yazyan zatlan manysyz
02.04.19 02:57

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak