TM HYZMAT BILMELI
Nýu-Ýorkyň bäşinji belent binasy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu Ýork ştatynda belentligi 329 metre deň bolan bäşinji gokdiran ulanmaga berildi. Binanyň açylyş dabarasynda Nýu Ýork ştatynyň gubernatory Endrýu Kuomo gökdiränin şäheriň kaşan binalarynyň biri boljakdygyny aýtdy. Bahasy 2,7 milliard dollara deň bolan 80 gatly täze gökdiran "Rogers Stirk Harbour + Partners" binägärlik kompaniýasy tarapyndan taslandy. 2010-njy yylda duybi tutulan bu binanyn gurluşygynda 4 000 töweregi adam zahmet çekdi.

44 lift hyzmat edyan bu binanyn 17-nji, 60-njy we 76-njy gatlarynda balkona çykmak üçin ýer bar. Gökdiranin aşaky 5-nji gatynda dürli dükanlar ýerleşdirilen. Bilermenleriň aýtmagyna görä, onda 6 000 töweregi adam işlar. Bu bina belentligi 541 metre deň bolan dünyäniň altynjy gökdirani hasaplanýan "Freedom Tower" binasynyň ýanynda guruldy. Häzirki wagtda Nýu Ýorkda 100-den gowrak gökdiran bolup, olaryň belentligi 183 metrden geçýär.
Şäherin ilkinji gurlan gökdirani "The World Building" 1890-njy ýylda gurlup, ol amerikan neşiryatçysy, Pulitser baýragynyň esaslandyryjysy Jozef Pulitsere (1847-1911) degişlidir. Belentligi 94 metre barabar bu kaşaň bina öz döwrüniň iň beýik binasy bolupdyr.


Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (4 baha berildi berildi)

Okaldy: 116.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak