TM HYZMAT BILMELI
Okeanyň üýtgeşik balyklary


Biziň çäksiz ýer togalagymyz dürli jandarlar bilen gurşalandyr. Diri jandarlar ähli ýerlerde ýaşaýarlar, şol sanda hem suwly ýerlerde (okeanlarda, deňizlerde, derýalarda we köllerde). Gyzykly ýeri hem käbir görnüşler hakynda adamlar hiçzat bilmeýärler. Köp wagtyň dowamynda gerekli tehniki enjamlaryň ýoklygy zerarly suw jandarlary öwrenmek mümkin bolmandyr.

Herkimin bilşine görä Žak Iw Kusto – öz wagtynda akwalang döreden adamdyr. Şol kostýumyň kömegi bilen suw dünýäsini has içgin we golaýdan öwrenmek mümkinçiligi döredi. Geljekde suw jandarlary öwrenmek üçin kömek edýän enjamlaryň öndürilişide Kustonyň döredijiligi esas bolup galdy.

Aşakda biz üýtgeşik we adaty bolmadyk suw jandarlary hakynda gürrüň ederis. Şeýlelikde:

Haýran galdyryjy balyk-ýolbars, daş sypatyndan özine çekiji hem-de gyzykly suw jandary hökmünde hasaplanylýar. Emma ol balyga degmeklik asla maslahat berilmeýär – sebäbi onuň ýiti iňňelerinde adam üçin howply zäher bardyr.

Ýaprakly deňiz drakony, daş sypaty boýunça deňiz aty bilen meňzeşdir. Onuň uzynlygy 35 sm barabar. Ösümlikleriň arasynda ony bukýan ýaşyl reňke bürenendir.

Balyk-pelikan (uzynlygy 1 metra çenli). Adaty bolmadyk balyklaryň biridir – onuň öň tarapy bedeniň ýarsyna çenli barabar agyz boşlugy tutýar. Aňsatlyk bilen özinden birnäçe esse uly balygy iýip bilýär, sebäbi onuň aşgazany uly göwrümde giňäp, ulalyp bilýändir.

Balyk-meşgaglot – howply balyklaryň biri hasaplanylýar. Onuň bedeni 35 sm barabar, şeýlelik bilen uly aşgazany bar, şol sebäpli özinden – 4 esse uzyn bolan we 10 esse agyr bolan balygy ýuwudyp, iýip bilýär.

Balyk-çelekgöz – öz aňyrsy görnüp duran kellesi we üýtgeşik gözleri bilen özine çekýär. Göz almasynyň ýaşyl reňki zerarly ýagtylygy kabul edijilik ukyby gaty peselýär, bu bolsa balyklary has hem aýdyň tanamaga mümkinçilik döretýär. Şeýlelik bilen ol balygy bahym tutup, ýuwudýar. Gymyldanda gaty haýal hereket edýärler we 800m çuňlykda has hem köp gabat gelýärler.

Aý-balyk – tegelek görnüşde äpet göwrümli balyk bolup durýar. Ol balyk hiçhili ýuzup bilmeýär, şol sebäpli esasy gabat gelip biläýjek ýeri howdanyň kenarýakasydyr. Onuň agramy tä 1.5 tonna barabardyr. Öz daş sypaty boýunça äpet disk emele getirýär – guyrugy gysgaça we ýiti görnüşde, bedeni bolsa gümmerçek bilen örtülendir.


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 72. Şü gün okaldy: 2


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs