TM HYZMAT BILMELI
Okenanyň 10 sany gyzykly syrlary!


Suw hadysalaryň aýratynlyklary hakda adamzat az bilýändir, prosent möçberinde alsak okean çuňluklary bary ýogy 3-5% öwrenilendir. Dünýä okeanynyň çäksiz sanly syrlary bardyr. Olary kem-kemden we göwünsizlik bilen açýandyrlar. Ýöne käbirlerini siziň bilen paýlaşmakçy.

Suwasty şarlawugy ýatladýan täsinlik, bulary Le-Morn-Braban atly ýarym-adalaryň kenarýakalarynda syn edip bolýar. Ol ýerde güýçli akym esasynda döreýän çägäniň we gyrmançanyň towlanyp aýlanmasyny syn edip bolar, suw üsti bilen tekiz bolmadyk çuňluga geçirýän korallar. Suw akymlary kaskad görnüşde çuňluga çekilip suwasty şarlawugy döredýän duýgy emele gelýär.

Hindi okeanda deňiz syýahatçylar ýüzlerçe sapar, belli bir ýerlerde suw gögümtil öwüşgin atýandygynyň şaýady bolýardylar. Bu hadysa deňiz syýahatçylary haýrana goýýar. 2005-nji ýylda bu hadysaň syry tapyldy. Şeýle öwüşgin berilmeginiň sebäbi suw bakteriýalar bolýar eken, olar öz düzüminde biolýumisent saklaýar eken. Olar deňiz ýaşaýjylary özüne çekmek üçin “ýanýarlar” eken.

Oregon ştatynda okeanyň kenarýakasynda syrly guýguç bar, onuň adyna “ýerasty dünýäsine girelge” diýp goýdular. Joşgun gelýän wagtlary suw çuňluga dolýar we çuňlugyň özine ýetende 6 metr beýiklige syçraýar. “Guýynyň” nädip dörändigini alymlar heniz bilip bilenoklar, sebäbi hiçkim onuň içine entek girenok. Takmynan aýdylanda, guýynyň döremegi suwasty okeanyň gowaklary bilen baglanyşykly diýlip aýdylýar.

Käwagtlar ýagyş döwründe, deňizleriň we okeanlaryň suw ýakalary gyzyl reňke öwrülýär. “Gyzyl daşgyn” diýp aýdýarlar, ol suwotylaryň çalt bolup geçýän ýaýrama hadysalaryň netijesinde ýüze çykýar. Bu biomassa ähli kislorody ýok edýär, şol sanda suwy ýaşaýşa ýaramaz edýär.

Sýurrealistik buz gülleri Demirgazyk buzly okeanda görüp bolýar. Olar haçanda howa gurak we onuň temperaturasy suw üsti temperaturadan pes bolanda “açylýarlar”. Okeanik gül çemenler edil göz önünde emele gelip bilýärler, bir pursatda 8-10 sm diametrli gülleri ösdürip bilýär.

Atlantik okeanynda ýerleşýän Bermud üçburçlygy. Ýuwaş okeanda onuň meňzeşi bar. Miýakedzima adanyň ýanyndaky ýere Drakonly üçburçlyk diýp atlandyrýarlar, olar ýygy-ýygydan ýok ýerden döreýän tupanlara we ştormlara sezewar bolýarlar. Bu ýerlerde balyklaram, guşlaram ýaşanok, balykçylar bolsa golaýlaşmajak bolýarlar, Bermud üçburçlygy hemmekişi gorkmagynyň sebäpleri bar, ýöne bu eýýäm başga makala bolýar.

Baltik we Demirgazyk deňizleriň gabatlaşmagynda araçäk döreýär – Galoklin diýp bu hadysany Jak Iw Kusto atlandyrdy. Bu hadysa suwlaryň dürli “düzümleri” bilen bagly, ýagny: temperatura, galyňlygy, duzlulyk derejesi. Bular ýaly hadysany Daniýada görüp bolar.

Käbir okeanik suwlarda ýylanlar ýaşaýandyrlar – şeýle ýagdaýlaryň emele gelmegine suwasty bolup galan ýylanlar. Öňler bu ýylanlar ýerasty bolupdyrlar. Soňra näbelli sebäplere görä suwasty bolup suwuň aşagynda ýaşap başlapdyrlar we şol ýerde aw awlapdyrlar. Ýylanlar kislorody teni bilen çekip almagyň netijesinde dem alyp bilýärler. Suw aşagynda birnäçe sagat bolanlaryndan soňra olar suwuň üstüne dem almak üçin çykýarlar.

Äpet güýçli girdaplar – bu hadysa gysga bogazly ýerlere degişli bolýar, olar ýaly bogazlar üçin daşgyn we sordurma döwürleri mahsusdyr. Şeýle prossesleriň dowamynda dürli ugurly suwlar çaknyşýarlar, netijede olar girdaplary döredýärler a girdaplar bolsa gämileriň pida bolmagynyň sebäbi bolup durýarlar.

Draýwerlara käwagtlar şular ýaly suwasty jandar bilen duşmak bolýar, otlyjalar ýaly görnüşli ýa-da ylmy esasda pirosomalar. Ýagny bul köp möçberde ownuk jandarlaryň üýşmeginiň we birleşmeginiň netijesinde döreýär. Ölçegi boýunça kit balygyň möçberine barabar bolýan wagtlary hem bar.


Makala baha ber:

Reýting: 3.5/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 166. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs