TM HYZMAT BILMELI
Organizm üçin peýdaly içgiler


Alymlaryň çaklamagyna görä, adam üçin diňe natural içgiler peýdaly bolup biler, sebäbi organizm 70% suwuklykdan ybaratdyr. Olaryň pikiriçe, bir stakan kola zyýan ýetirmez, eger ony günde içip durmasak. Ýöne bir zady gözegne tutmak gerek, ýogurtlar, süýji gazlandyrylan içgiler, paketly soklar we süýtli bogunlar, biziň süýjilik duýujy reseptorlarymyz üçin we umuman organizm üçin zyýanlydyr.

Suw
Ýönekeý aromatizatorsyz we krasitelsiz agyz suwy, organizmdan toksinlary çykarýar, işleýşini sazlaýar. Bogunlaryň we ýürek-damarlaryň kesseleriň öňüni almakda ýardam berjek içgileriň biridir.

Kefir
Bu içgi – peýdaly kömelekler, bakteriýalar, natriý, magniý we kalsiý bilen baýdyr. Düzüminde selen we fosfor bar. Ýygy-ýygydan turşy süýtli içgileriň içilmegi immuniteta we aşgazan traktlaryna uly peýda getirip biler.

Naryň ter şiresi
Natural granat şiersi A, E we C witaminlara baýdyr. Düzüminde minerallar, selen, sink, demir, kalsiý we fosfor bardyr. Bu içgi gipertoniklar we anemiýa bilen kesselli adamlara has peýdaly hasaplanylýar. Içginiň ýygy-ýygydan kabul edilmegi ýürek-damar sistemasynyň berkemegine getirýär. Käbir zyýan taraplaram bar: aşgazanyň turşylyk derejesiniň ýokary wagty şiräni köp içmek zyýan bolup biler. Çagalara ony suw bilen garylmadyk, arassa şiresini bermek maslahat berilmeýär.

Çopantelpekli (Romaşkaly) çaýy
Ter ýa-da gury çopantelpek ösümliklerden gaýnadylan çaý – antibakteriýal gurluşyny saklaýandyr. Onuň içilmegi aşgazan mikroflorany dikeltýär, agyryny aýyrýar we derlediji hereket berýändir. Ondan daşary bu içgi natural sedatiw preparadydyr.

Natural klýukwaly mors
Ter ýa-da doňdurylan klýukwanyň dänelerinden taýýarlanan mors beden temperaturany peseldýär, peşew effektini berýär, esasy bolsa – uly göwrümde düzümi witamin C bilen baýdyr. Ol energiýa bilen üpjün edýär we toksinlary çykarýar.

Narpyzly çaý
Narpyzyň täsiri – iýmit siňdiriş organlarymyza ulydyr, dawlenýany peseldýär, aşgazan şiresiniň döremegini sazlaýar. Şeýlelik bilen çaý ukusyzlygy ýeňip geçmäge we nerw ulgamymyzy rahatlandyrmaga ýardam berýär.

Ter sykylan alma şiresi
Içgi pyntygy arassalaýar, peşew ulgamyna, bagyra oňaýly täsir edýär we aterosklerozyň döremeginiň öňüni alýar. Onuň kömegi bilen organizmdan toksinlar çykarylýar, içeganyň motorikasyna oňaýly täsir edýändir.

Kakao
Kakao poroşogy goşulan süýt içigisi, dawlenýanyň sazlanmagyna, ýürege we damarlara oňaýly täsir edýär. Onuň düzüminde peýdaly maddalar kändir, witaninlar we minerallar. Bu elbetde iň gowy natural antidepressant we sazlaýjy bolup durýar.


Makala baha ber:

Reýting: 3.8/5 (15 baha berildi berildi)

Okaldy: 845. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(9)



 Anonimus

Gyzykly
16.09.18 22:24
 hemra

Goty gycgaca makala
05.09.18 09:56
 Akmyrat

Govy òsjek bolyanyz tuveleme
25.08.18 12:40
 Gulay

Bet
11.08.18 19:14
 Aýgül

erbet däl ýöne biraz maglumaty gysgaça
11.08.18 05:20
 Anonimus

Bet
08.08.18 05:40
 Lokgo

Gaty gowy
05.08.18 23:29
 Nobat1984

Örän gowy makala.
02.08.18 13:25
 Margo

Onat
12.07.18 16:15

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs