Oragnizm üçin peýdaly gök önümler - TM HYZMAT BILMELI

TM HYZMAT BILMELI
Oragnizm üçin peýdaly gök önümler


1. Eger-de siz tiz tagam, süýji tagamlar we gazlandyrylan içgiler bilen iýmitleniň gezseňiz – onda dügürtikler sizde ýüze çykjakdygyny kepillendirýäris. Emma eger-de siz aşakdadyk görkezilen önümlerden iýmitlenseňiz siz elmydama ýaş we güýçli bolarsyňyz.

2. Awokado

Geçirilen barlaglar awokado agramy sazlamak we tenimiziň saglygy üçin peýdaly bolup bilýär. Şol önümiň düzümindäki lýutein we zeaksantin teniňizi ulftrafiolet zeperlenmeden goraýar. Käbir barlagçylar bolsa, awokado ýaralary bitirmäge hem peýdaly bolup biljegini aýdýarlar. Awokadonyň düzüminde: kaliý, natriý, magniý, C,E,K1,B6 witaminlar, foliýewa kislota, niasin, pantoten kislotasy, riboflawin, holin bardyr. Elbetde, onuň peýdaly düzümleri diňe daş-keşbine ýaýramaýar.

3. Gyzyl balyk

Ýyllaryň geçmegi bilen öýjükleriň barýar funksiýasy ýitýär, ýüziň üsti bolsa çiglygyny ýitirýändir. Bu bolsa onuň dikelmek mümkinçilige täsir edýär. Gyzyl balygyň düzümindäki polindoldurylan ýagly omega-3 we omega-6 kislotalar epiteliýanyň öýjükli membranasyny berkidýär. Bu çiglygy saklamaga kömek edýär. Teniňiz has hem çekilýär we teniňizdäki düwmeler dügürtiklere öwrülmeýär. Ondan daşary omega-3 we omega-6 teniňin ultrafiolet şöhleleriň zeperlenmelerinden goraýandyr, şol sanda onuň daşky keşbine gowy täsirini berýär.

4. Pomidorlar

Tomatlar – tomusky salat üçin ýönekeý adaty goşma bolup durmaýar. Pomidorlarda teniň kollagen sintezinde esasy orun eýeleýän witamin C bardyr. Käbir barlaglar onuň şeýle hem ultrafiolet şöhleleriň negatiw täsirinden hem gorap biljekdigini aýdýarlar. Likopin atly karotinoidly pigment, gök-önümleriň gyzyl reňki üçin jogap berýär, şol sanda hem ultrafiolet şöhlä garşy öz goşandyny goşýar.
5. Käşir

Käşir – retinol we beta-kerotinyň iň gowy çeşmeleriniň biri bolup durýar, olar erkin radikallar tarapyndan teniň zeperlenmelerinden goraýarlar. Düýp kökde saklanylýar witamin D kömegi bilen käşir güýçli antioksidant bolup durýar, ol hem teniň çalt garramasynyň öňüni alýar.

6. Turşumtyk süýt önümler

Sagdyn ten has çeýe, şonuň üçin hem dügürtikler çalt çykyp bilenoklar. Prebiotiklar oňa belli bir kadaly ýagdaýa gelmäge kömek edýändirler.

7. Günebakar ýagy

Günebakar ýagynda teniňimiz üçin peýdaly bolan A,D we E witaminlar saklanylýar. Retinol ýa-da witamin A teni foto-garramadan gorap saklaýar. Witamin D UF-şöhleleriň täsirini kemeltýär, agyrylary azaltýar. Witamin E – hakyky antioksidant, haýsy ten üçin dargadyjy lipitleriň okislenmesiniň öňüni alýar.

8. Ýaşyl çaý

Içgide polifenollar bar, olar agyryny basyjy ukyply täsire eýedirler we antikansragen düzümi bardyr. Düzümindäki maddalar UF-şöhleleriň geçmegine päsgel berýär, gün goraýjy serişdeler bilen bolsa teniň rak keseliniň öňüni alyp bilýärler.

9. Kurkuma

Bu spesiýa derman hökmünde gadym döwürden bäri ulanylýar. Oňa sary reňk berýän kurkumin, agyryny basyjy täsire eýedir, antikonseragen düzümine hem eýedir, infeksiýa garşy häsiýetler we antioksidant hökmünde bolup bilýär. Bu serişde ýaralaryň çalt bitmegine täsir edýär. Teniňiz çalt dikelýär we uzak wagtlap ýaş görünýär.

10. Kiwi

Bu gök-önümde E we C witaminlar saklanylýar, olar toksinlary çykarýarlar we teniňizi UF-şöhlelerden goraýarlar. Bu zeper ýetmeleriň öňüni alýar we ýüzüňizi ýaş edip saklaýar.

11. Imbir

Imbir teniň rak keseliniň öňüni alyp bilýar, organizmdan erkin radikallaryň çykarylmagyna ýardam berýär. Ol şeýle hem agyryny basyjy täsire hem eýedir.

12. Kädi

Kädiniň mämişi reňki onuň düzüminde antioksidantlaryň beta-kerotini bardygynyň alamatydyr. Kollagenlaryň öndürilişine jogap berýän witamin C bilen bu gök-önüm owadanlygynyň aýdyň kömekçisi bolup biler.

13. Hozlar

Hozlaryň köpüsinde witamin E saklanylýar. Esasan hem fundukda, mindalda we grek hozlarda köpdir. Bu serişde toksinlaryň çykarylmagyna we teniň UF-şöhlelenmeden goranmagyna jogap berýär. Täsiri koenzim Q10 astynda güýçlenilýär.

14. Ýumurtgalar

Ýumurtgalar öz düzüminde kollagen we elastin öndürilmegine ýardam berýän aminokislotaly glisin, prolin we lisin saklaýarlar, olar tenimize süýnmäge we öz formasyny kadaly ýagdaýa getirmäge mümkinçilik berýär. Ýumurtga sarysy bolsa A, D we E witaminlara baýdyr.

15. Şokolad

Antioksidantlar flawonoidlar UF-şöhleleriň ýaramaz täsiriniň önüni alýarlar we olara wajyp öýjük bölejiklerine zeper ýetirmäge rugsat bermeýärler. Barlaglaryň netijesinde şokolad agyry basyjy täsiri bardygyny anykladylar. Emma profilaktika üçin islendik şokolad gabat gelmeýärde, diňe gara düzüminde köp kakao bolan şokolad gabat gelýär.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 153. Şü gün okaldy: 5


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(3)



 Anonimus

MARAL Sag bolun
01.08.18 11:20
 Aman

Oat
29.07.18 14:13
 Anonimus

Ulanyp tapwduny tapawutlandyran bamy .Birem son ulanylys maglumatyny hem berseniz nace gun belli gunlermi ya hepdan dowamyndamy ..?
28.07.18 14:59

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs