TM HYZMAT BILMELI
Popugaý guşyň kömegi bilen üsti açylan 6 sany jenaýat!


Herkim bilýändir, jenaýat işleriň üsti açylmagynda güjükler uly orun eýeleýärler. Olar jenaýatçylaryň yzlaryndan kowalaýarlar. Aňsatlyk bilen yz alýarlar we ş.m. Emma siz näçe sapar popugaý guşlar jenaýat işleriň üstüni açdylar diýp eşitdiňiz? Biz 6 sany akla sygmajak wakalary siziň üçin jemledik!

“Atmak hakda pikirem edäýme!”

Tomusda, Miçigan ştatynda. Ajaýyp günleriň birinde gyzykly bir waka bolup geçdi. Jako popugaýy, ýagny onuň ady Bad, polisiýa işgärlerine görkezme berdi. Onuň görkezmelerinden öý eýesi öz adamsyny atandygy mälim boldy.
Goňşy öýde ýaşaýan gyz geçip barýarka öz goňşularynyň öýlerine myhmançylyga girmek isledi. Emma girende öý içinde betbagtçylyk bolandygyny duýdy. Ähli zatlar garagana bulaşan, öýde bolsa gana bulaşyp är-aýal ýatyrdylar. Anyklamalara görä Martin ýaragdan atylypdyr. Onuň teninde oklaryň yzy tapyldy. Aýaly Glena bolsa agyr ýaralanan ýatan eken. Aýaly wagty bilen özine gelmeýändigi sebäpli popugaýy Martiniň öňki aýalynyň ýanynda wagtlaýynça goýdular. Polisiýa işgärleri ähli güýçleri bilen bu işi alyp bardylar, ýöne ýagdaý kyndy.
Emma birdan täsinlik boldy! Birnäçe hepdeden soňra popugaý är-aýal arasynda soňky bolup geçen gürrüňi bolşy ýaly aýdyp başlady. Aýdylanlardan görkezme alynsa soňky gürrüňde är-aýal arasynda dawa turupdyr, onuň netijesinde adamsy Martin “Atmak hakda pikirem edäýme!” diýip gygyrandygy bilindi.
Popugaý ýene birnäçe ýagdaýlary aýdyp bildi, netijede bu jenaýatyň yzy alyndy we jenaýaty aýaly edendigine suburnama tapyldy. Guş kazyýet prossesinde bolup bilmändigine garamazdan, Martiniň aýalyny jenaýata çekdiler.

Gan yzy

2001-nji ýylda, ýene-de ABŞ-da, agyr jenaýatlaryň biri bolup geçdi: ýagmy Daniil Torres atly manýak sowuk ýarag ulanmak arkaly Jon Bakler atly erkek adama topuldy. Uruş gidip duran wagty Bref atly popugaý öz eýesiniň jenaýatçy bilen uruşýandygyny görüp, Daniil Torresa topulyp, burny bilen dürtip başlady. Emma jenaýatçy netijede ikisini hem sowuk ýarag arkaly öldürdi.
Iş gozgalyp, anygna ýetilende jenaýatçyň guşyň ýeleklerinde goýan yzlary we burnunda gan yzlaryň üsti bilen anyklandy. Haçanda Daniil Torres tussag edilip, oňa subutnamalar görkezilende ol hemmezady boýnuna aldy.

Zoodükanda bolan ogurlyk

Hytaýyň paýtagynda 2011-nji ýylda afrikan popugaýy ogurlandy, onuň eýesi Win Lu. Ogry bilýärdi, bu görnüşli guşuň bazarda bahasy gymmat boljagyny. Birnäçe günlerden soňra ogry guşy zooharytlar magazynynda satlyga çykardy.
Bilmezlikde şol gün şol dükana Win Lu hem geldi, emma öz guşuny görmedi. Guş bolsa şol wagtda öz eýesini tanady we tutuş magazyna goh tuzuryp eýesiniň öwreden sözlerini gygyryp başlady. Goh uly bolan soň Win Lu öz guşuny göni tanady, netijede dükanyň eýesi guşy getiren adamyň maglumatyny berdi. Birnäçe sagatdan ogry tutuldy!

Jek – Jek

Ýaşyl reňkdäki popugaý öz eýesi Barbara Kob bilen Memfisde ýaşaýady. Günlerde bir gün olaryň öýlerine ogrylar girdiler. Ogrylar özlerini rahat duýup diňe pul bilen çäklenmän gymmat bahaly şaý sepler we tehnologiýalary ýagny telewizor, aýdym sentirini we başgalary alyp talap başladylar. Talaýan wagtlary ogrylar bir-birlerini öz atlary bilen tutýardylar. Popugaý guşy bolsa adam atlaryny saýgaryp bilýän eken we ogrylaryň Jek – Jek diýen sözlerini ýatda saklapdyr. Ogrylar çykyp barýan wagtlary guş ol sözleri gaýtalady, emma ilki başda ogrylar kän üns bermediler. Soňra bolsa yzlaryna dolamnyp guşy alyp gitdiler. Oňa çenli ogrylaryň yzyna polisiýa işgärleri düşdi, birnäçe sagatdan ogrylar tutuldy. Guşa hiçhili şikes ýetmedi.

Ünsli goňşy

Bu wakanyň gahrymany Floridada ýaşaýar. Bu akylly guşyň ady Emerald. Günlerde bir gün Emerald öz goňşylarynyň öýlerine ogrylar girýändigi görüp, uly goh tuzuryp başlady. Goha tisginip öýüň eýesi gelip, ogrylary görüp polisiýa gullugyna jaň edipdir.
Ogrylary tussag edip ýetişdiler. Netijede bolsa goňşylar öýde it saklamak hökman däl, Emerald ýaly akylly guşy saklamak ýeterlikdigine düşündiler.
Şuňa meňzeş waka Londonda bolup geçdi. Ol ýerde popugaý guşy uly gohy bilen ors terjimeçi Gennadiý Kurkuliň öýüne giren ogrylary gorkuzdy.

Agraň hazynasy

Agra atly hindi şäherinde Gerald atly ilki göräýmäge ýönekeý popugaý guşy ýalydyr, emma bu guşyň kömegi bilen agyr jenaýatlaryň biriniň üsti açyldy. Gerald öz eýesi Nelam Şarma we onuň güjüginiň öldürilmegini öz gözi bilen gördi. Polisiýa işgärler hiçhili yz alyp bilmediler.
Günlerde bir gün Widje Şarma, ýogalan aýalyň adamsy gyzykly bir wakany üns bilen gözegçilik etdi. Popugaý elmydama myhmansöýer we gürrünçildi, emma ýanyna garyndaşy Anşu gelende guş düýpgöter üýtgeýän eken. Popugaý gorkup, gyra çekilip ýa-da goh tuzurýan eken. Şonda Widje bu waka jenaýat bilen baglanşykly bolup biler diýp pikir etdi. Ol jenaýat edilen güni öýde ähli bolan adamlaryň atlaryny ýekeme-ýekän sanap başlady we haçanda ol Anşu ýetende popugaý gygyryp başlady.
Bu maglumat bilen Widje polisiýa ýüz tutdy we Anşuny soraga çekdiler. Ol ähli zady boýun aldy. Öz garyndaşlaryny talamak maksady bilen öýe girende ony Nelam gördi, şonda ol ony öldirdi. Yzy ýany güjügini hem dişländigi üçin öldirdi.


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 254. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs