TM HYZMAT BILMELI
Razy bolaly


Bozup aýralygyň dymyşlygyny,
Ýa sowuk, ýa yssy ýagyşlygyny,
Parhy ýok görüşdik degişli güni,
Şol bagtly günlerden RAZY BOLALY...


Görüşmegi islesegem näçeler,
Görüşmekden ejiz gelýär güýjümiz.
Wah aýralyk bolýamy nä ajysyz?!.
Gel birek-birekden RAZY BOLALY...


Boş arzuw yzyna tirkän ekeni,
Durmuşda aldawa ýer kän ekeni,
Ýürekler bir, ýollar bir däl ekeni,
Gel birek-birekden RAZY BOLALY...


Haçan görmek nesip eder didaryň?!
Haçan şamar saçlaryňy syparyn?!
Heniz ýürek ursa seni ýatlaryn —
Söýen ýüreklerden RAZY BOLALY...


Gowsy indi görmäýin ýar jemalyň,
Täzelärsiň derdin ýürek ýaramyň.
Kabul etseň saňa salam ibärin —
Gel birek-birekden RAZY BOLALY...


Razy bolmasak-da şeýle söýgümiz,
Gümanadyr kynçylygy ýeňenimiz.
Mundan artyk ýanmaz ýaly jigerimiz —
Gel birek-birekden RAZY BOLALY...


Aýralyk, aýralyk, zalym aýralyk,
Haçan bolar aýralykdan aýrylyp?!
Gözlerimiz galan ýaly kör bolup —
Görşülen günlerden RAZY BOLALY...


Razy bolaly kysmata boýun bolup,
Galsyn ýatlamalar ýadygär bolup.
Seniň toýuň güni...
Seniň toýuň güni meň ýasym bolar...
Aglama ýazgyda RAZY BOLALY...
Sen menden, men senden RAZY BOLALY...
RAZY BOLALY...
RAZY BOLALY...
Awtor: Ýagşy Goşunow
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.1/5 (16 baha berildi berildi)

Okaldy: 309.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 S. D. n.

Gary gowy eline saglyk.
20.06.19 22:35
 Merjen Orazgulyyewa

gowy
11.06.19 17:17
 Dursunjemal

Gaty gowy goshgy soz yok ...
09.06.19 23:17
 boss

Bayildim👌
07.06.19 22:42
 Kasym

Òran gowy gosgy gyzykly ýaslygym kino ýaly gòzòñùmden tirkesip dasymdan a ýlanyp gitdiler . Gosgyny ýazan sagbol.
28.05.19 13:33
 ***

Zoor
28.05.19 06:35
 jem_l

Birinji gezek gòremde,ýagşynyñ şu klibi meni tas agladypdy..gaty gowy goşgy..👍👍
25.05.19 19:49
 Altymyrat

Heey tuys mana bagyslanan men durmusumdan alnan gosgy.Sagbol awtor yurek yaramy beter yatladanyn ucun.Yene garasyan gosgularyna sagbol kop kop
25.05.19 08:49

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak