TM HYZMAT BILMELI
Restoran-kafe biznesiň
girdeýjilerini artdyrmak üçin birnäçe mekir syrlar!


Restoran we kafelaryň işgärleri, marketologlary we elbetde restoran biznesiň eýeleri, müşderileri özine çekmek, saklamak, süýjije iýmitlendirmek we ýene-de geler ýaly etmek üçin az bolmadyk uly işleri bitirýärler. Şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmagy üçin birnäçe syrly mekirliklere ýüz urulýar, myhmançylyga giren adam hut özi bilmezlikde uly möçberde pul sowar ýaly. Bu elbetde gaty gowy, emma bizden size birnäçe maslahat bermegi makul bildik.

Jykma-jyk durup geçeli:

Ilki bilen menýu düzmek

Her bir müşderi menýuda öz işdäsiniň islegini tapmalydyr. Assortimenta adatça müşderileriň her dürli derejeleri üçin naharlar goşulýar: mysal üçin, ýaşlarymyzyň göwnüne näme ýarap biler, uzak wagtlyk işden ajygyp gelen müşderä ýa-da diýetada oturan müşderileriň göwün isleginden turjak naharlar we ýönekeýje miwe önümleri goşmalydyr.

Hökmany suratda, mylaýym we rahatlandyryjy aýdym-saz bolmalydyr.

Biler bolsaňyz aýdym-saz adamda içki duýgulary däl, eýsem aşgazanynda hem açlyk duýgusyny döredip biler. Mysal üçin, fransuz şansony wino degustasiýalaryny geçirmek üçin ylaýyk gelýär, irland folky bolsa – alkogol içgileri bilen ylaýyk gelýär. Iň ortaça gabat geläýjek aýdymlar – bu elbetde klassika aýdymlardyr: müşderiler klassik aýdym eşidende özini has gözel, sypaýy, mäkäm we nepis duýýarlar. Şol sanda hem takmynan 10% köp çykdaýjy edip gidýärler.

Aromomarketing usullaryny ulanmak.

Aýdyma mahsus bolşy ýaly – bu ýerde aromatlar ýagny ys uly orun eýeleýär. Adamyň beýnisine ýakymly yslar täsir edýändigini ýatdana çykaran dälsiňiz? Gaty gowy, wanil yslary işdäaçarlaryň çalt satylmagyna ýardam berer, süýji bişirilen etiň ysy bolsa – et önümleriň satylmagyna, ýakymly lawandanyň ysy bolsa rahatlandyryjy duýgulary oýarar we kafede eglenmegine sebäp bolup biler. Esasy nahara kiçiräjik goşundylar. Hawa, bu siziň pikir eden zadyňyz, her dürli souslar we şuna meňzeşje goşundylar adatça esasy naharyň bahasynyň 10% tutýarlar. Şularsyz , başgaça aýdanymyzda esasy nahary iýmegiň manysy gaçýar, şol sanda bu goşundylar netijedäki hasaba uly bolmadyk pul möçberini goşup bilýärler. Kän göze ilmeýän zat ýalydyr.

Ykjam düzülen menýu.

Menýuda köp sanly naharlaryň bolmagy olaryň taýýarlanyö hilinde şübhe döredip bilýär. Şol sanda hem gymmat we arzan naharlaryň spisogynyň çenden aşa uly bolmagy müşderileri şübhelendirip biler. Şonuň üçin marketologlar kafe ýa restoranyň hödürleýän tagamlaryny bir ýa iki sany kagyza ýerleşdirmegi makul bilýärler. Bir kagyz bolsa has gowy diýlip hasaplanylýar.

Ofisiantlaryň pozitiw hereketde bolmagy.

Salamlaşykly işgärler, müşderilere pozitiw berilen düşündirişler çaý pulyny köpeldip biler.

Restoranyň baý taryhyny döretmek.

Aýratynlygy we özboluşlygy restorany özine çekiji edýändir. Mysal üçin, bir kafede fransuz kökeleri taýýarlaýarlar, başgasynda bolsa ýöne kökeleri taýýarlaýarlar. Müşderiler ilki bilen birinji kafe giderler we uly höwes bilen FRANSUZ kökeler şol kafede has süýji diýp aýdarlar.

Taýýarlyga çekmek we şew-aşpezden nahar taýýarlanmagy.

Haçanda belli bir nahar şew-aşpezden taýýarlanandygy aýdylanda ol eýýäm ýönekeý nahar bolanok we şol sanda restoranyň abraýy galýar. Käwagtlar ýönekeý ofisiantlary aşpezleriň eşiklerine geýidirip aşpez hökmünde görkezýärler. Hemmezat müşderileri çekmek üçin edilýär!!!

Stoldan hapa gap-çanaklary aýyrmak.

Stoldaky hapa gap-çanaklaryň köpelmegi müşderide näçe köp zat sargan köp iýipdirin diýen pikir döreýär, wagty-wagty gap-çanaklaryň aýrylmagy müşderilere nahar datmagy we sargamagy dowam edibermelidigini ýatladyp durar.

Güýçli marketologlar.

Ýatdan çykarmaň hormatly restoran we kafe biznesiň eýeleri siziň işe alýan işgärleriňiz sizi baýadyp hem biler, bankrot edip hem biler. Esasy wajyp üns bermeli ýeriňiz hakyna tutýan marketolog işgärleriňiz. Başgaça aýdylanda reklamaňyza jogap berýän işgärler. Belli bolşy ýaly reklama şol bir ýerde durmaly däldir we elmydama reklama etmek üçin täze meýdançalary tapmagy we şol sanda puly tygşytlap reklama etmegi başarmaly. Marketinga düşünmeýän işgär sizi azyndan 30% potensial reklamadan gelip biläýjek täze müşderilerden mahrum eder!


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 199. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs