TM HYZMAT BILMELI
Samsung kompaniýasy hakynda gyzykly faktlar


Samsung kompaniýasy guwanmak üçin sebäp kändir: koreý kompaniýasy ençeme sapar açyş edip, beýleki tehnologik gigantlary ozup geçýärdi, mysal üçin: APPLE kompaniýasyny.

Ýoluň başynda Samsung kompaniýasy iýmit önümleri we tekstil önümlerini satýardy. Asyryň soňunda kompaniýa elektronika öndürijiligiň naýbaşysyna öwrüljegi hakynda hiçkimiň pikirinede gelenokdy? Samsung taryhynda köp sanly gyzykly faktlar bar.

1. Koreý dilden terjime edeniňde “Samsung” sözi “üç ýyldyz” diýmäni aňladýar
Li Býonçhol – kompaniýanyň esaslandyryjysy Samsung hemişelik we ýagty saçjak kompaniýa bolar diýip pikir edýärdi. Birinji üç ýyldyzly logotipy onuň özi oýlap tapdy. Köpüsi üç ýyldyz onuň üç oglyna bagyşlanan diýip düşündirýär. 1938-nji ýylda döräninden bäri kompaniýanyň logotipy 5 sapar üýtgedi. Häzirki wagt onuň 2 görnüşini ulanýarlar.

2. Samsung R&D derňemelere Apple garanyňda 2 esse köp pul siňdirýär.
2015-nji ýylda koreý kompaniýasy 14 100 000 000 dollar derňemelere sarp etdi. Edil şol wagtda Apple derňemelere “bary ýogy” 6 000 000 000 dollar sarp etdi. Bu belläp geçenimiz täzeliklere, innowasiýa kim we näçe serişde sarp edýändigini görkezýär.

3. Samsung hiline üns berýär
Samsung group ýolbaşçylarynyň agzasy 1995-nji ýylda 150.000 kompaniýanyň ofis tehnikasyny hili pes saýyp aýyrdy.

4. Samsung wirtual hakykada köpden bäri maksat edinýär
Gear VR esasy bolan Head Mounted Display patent kompaniýada 2005-nji ýyldan bäri degişli bolup gelýär.

5. Samsung ilkinji bolup ýazýa DVD-ulgamyny döretdi
1993-nji ýylda bu açyş Samsung Advanced Institute of Technology (SAIT) degişli bolup durýar.

6. Samsung ilkinji bolup ýeňil telefon çykardy
Şol 1993-nji ýylda Samsung SH-700 dünýä atly telefon dünýä indi, onuň agramy bary ýogy 100 gramm – garşydaşlaryň telefonlaryna garanyňda has ýeňil. Indiki ýylyň apreline çenli kompaniýa aýda 16.000 sany telefon satýardy. Şol wagtlarda uly üstünlik. Beýleki kompaniýalaryň hödürleýän telefonlaryna garanyňda ol has kiçidi.

7. Samsung Koreýada ilkinji elektromobil öndürdi.
Tesla Roadster-a 15 ýyl galanda, koreýlar öz SEV-III atly elektromobilini öndürdiler. Köp sanly öndürmek meselesine gezek gelmsede, fakt fakt bolup galýar.

8. Samsung telefon-sagat öndürdi.
Edil Apple Watch ýa-da Gear S2 däl, uly we gorkunç görünsede ýaňy bir 1999-njy ýyldy. Bu sagatlarda habarlar we multimediýa ýokdy. Emma sesli buýruklar we güýji 2 gün saklanyp bilýärdi.

9. Samsung ilkinji bolup MP3 pleýerly telefon öndürdi
2000-nji ýylda koreýlar MP3 göterýän telefon görkezdiler. Samsung SPH-M100 bary ýogy 64MB ýady bardy. “1000 aýdymlar siziň jübiňizde” atly iPod çykmagyna 1 ýyl galýady.

10. Ses tanamak funksiýasy bolan ilkinji telefon – Samsung eden işidir
Samsung MM-A700 2004-nji ýylda çykdy. Onuň içinde gürleýän sesiňizi tanap biljek VoiceSignal Technologies atly ulgam ýerleşdirildi. Indiki ýylda öz üstünliklerini SGH-i858 – atly taçskrinly slaýder bilen berkitdiler.

11. Samsung dünýäde ilkinji bolup Blu-ray aýtdyrýan enjam öndürdiler.
Samsung BD-P1000 2006-njy ýylda suraty ýokary hilli görkezmek boýunça ýaryş başlanyldy. Blu-ray elektron göterijileriň indiki gelejegine öwrüldi, we şu formata düşünjek pleýer gerek bolýardy. Geçen ýylda hem Ultra Blu-ray atly pleýerlar dünýä indi.

12. Samsung ilkinji bolup 3D bilen işleýän telefon çykardy.
2007-nji ýylda koreý kompaniýasy Samsung SCH-B710 – 3D göterýän rotator hödürledi. Adaty ýagdaýda ol adaty suraty görkezýär, emma ýatyrylan ýagdaýynda bolsa surat 3D effekta ee bolýardy. Äýnek gerekdäl, 3D funksiýasy parralaks barýeryň esasynda emele gelýärdi.

13. Samsung iň uly mobil telefony öndürdi.
Ýok, bu Galaxy Note däl. 2009-njy ýylda Samsung we Cricket Communications Samsung SCH-r45 modeliň ulaldylan kopiýasyny dünýä indirdiler we ony Çikagonyň bir köçelerinde ýerleşdirdiler. Elbetde mahabatlandyrma hökmünde. Ölçegleri 4.57x3, 42x0.74 metra barabar boldy. Galany bolsa – konstruksiýasy adaty telefon ýaly işleýärdi.

14. Samsung ilkinji LTE bilen işleýän telefon çykardy
Samsung SCH-R900 atly model LTE dünýäsinde ilkinjileriň biri boldy. Ol 2010-njy ýylda çykdy we 4G internetdan daşary AMOLED-displeýa eýe boldy.

15. Samsung proýektorly ilkinji telefon döretdi
Samsung Beam atly smartfonda proýektor ýerleşdirildi, ol 640 – 360 pikselli 2 metr aralykda surat görkezýär. Elbetde arassa dury surat görkezip bilenok, ýöne bu telefonda ýerleşýän proýektor.

16. Samsungda 3D üçin hemmezat bar
Kompaniýa 3D görmek üçin ähli gerek enjamlary çykarýar: telewizorlar, Blu-ray pleýerlar we äýnekler

17. Samsung internet kamera ýasady
2012-nji ýylyň noýabrynda Galaxy Camera EK-GC100 dünýä indi we suratlary sosial ulgamlarda ýerleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Şol wagty beýleki modelleryna garanyňda içine salmasy pes bolýady, emma hemmekişini wifi we 3G/4G modulleriň barlygy özüne çekdi.

18. Samsung-da derňew geçiriji merkezler köp
Kompaniýa 24 sany 10 ýurtlarda ýerleşdirilen derňew geçiriji merkezleriň bardygyny aýdýar. Olaryň biri Moskwa şäherine hem ýerleşýär.

19. 3G-jaň we Ewerestyň beýikliginden twit
Kenton Kul atly iňlis alpinist öz ýany bilen ekspedisiýa Galaxy S II telefony ekstremal şertlerde işläp bilýändigini subut etmek üçin aldy. Elbetde, bu mahabatlandyrma işi Samsung hemaýatkärliginde bolup geçdi, ýöne 8850 metr beýiklikde jaň edip bilmek – bu haýran galdyryjy netijedir.

20. Samsung ilkinji bolup gyşarylan ekranly smartfon öndürdi Kompaniýa Galaxy Note Edge – ýagny Galaxy Note kopiýasy, ýöne bir tarapy gyşarylan ekranly smartfon. Öz üstünliklerini Galaxy S6 edge smartfonda iki tarapyna gyşardyp berkitdiler. Häzirki wagt her bir telefonda eger gyşarylmadyk bolsa, azyndan aýlawly displeýa gabat gelip bolýar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.4/5 (8 baha berildi berildi)

Okaldy: 234. Şü gün okaldy: 5


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 Guwanç

Oran gowy
18.08.18 13:55

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs