TM HYZMAT BILMELI
Sesden tiz gidýän sessiz uçar


ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA söwda maksatly sesden çalt gidyan uçarlary öndürmegiň aladasyny edýär. Häzire çenli şeyle howa gämileriň köpüsi tizlik rekordyny goymak maksady bilen çykarylypdy. Yolagçy gatnawynda peydalanyljak "X-Plane" atly bu uçar sessiz bolmagy bilen tapawutlanar. NASA uçar onumçiliginde öndebaryjy "Lockheed Martin Aeronautics" kompaniýasy bilen 247,5 million dollarlyk şertnama baglaşyp, şeyle uçary 2021-nji ýylyn ahyryna çenli taýýar etmegi sargady.

Adatça, uçaryn tizligi sesinkiden geçen mahaly aşa gaty ses çykyar. Täze öndüriljek uçarda bu yagdaýyn öňi alnar. "X-Plane" atly uçaryn şekili 2016-njy ýylda bilelikde işlenip düzülen "QueSST" uçaryna menzeş bolar. Howa gämisiniň uzynlygy 28,65 metre, ganatynyň giňligi 9 metre barabar bolup, uçuş agramy 14 650 (14 mun 650 kg) kilogramdyr. Bir hereketlendirijili uçaryn tizligi 1 590 kilometre ýeter. Taslama 2019-2025-nji yyllar aralygynda uç tapgyrda amala aşyrylar.


Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 77.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak