TM HYZMAT BILMELI
Singapur ýurdy hakynda 10 fakt


Singapur – beýleki aziýanyň ýurdy bilen deňeşdirip bolmajak üýtgeşik ýurtdyr. Ol esasan ABŞ-da ýerleşen megapolislara meňzeş, meselem Nýu-Ýorka. Aşakda bu ýurt barada üýtgeşik we gyzykly faktlary jemledik.

1. Kanuny tarapdan sakgyç çeýnemek gadagan
Geň bolsa-da dogrydanam sakgyç çeýnemek bu ýurtda gadagandyr. Şeýle kanun hakykatdanam bar. Resmi derejede hökümet tarapyndan arassaçylygy saklamak maksady bilen sakgyçlary gadagan edilýär. Olar dükanlardada satylanok, diňe lukman tarapyndan birnäçe ýagdaýda görkezilip biler. Sebäbi bilşimiz ýaly sakgyç çeýneýän adamlar olary aýagyň aşagyna zyňýarlar.

2. Singapur – dünýäde ýeketäk adaly şäher.
Köp sanly şäher-döwletler bar, meselem Watikan, emma Singapur – adada ýerleşýän ýeketäk ýurtdyr. Gyzykly ýeri, onuň göwrümi kiçi, emma ol dünýäde iň kiçi ýurt diýlip hasaplananok. Şol sebäpli hem Singapura gitjek bolsaňyz size hökmany suratda transfer gerek boljakdyr.

3. Gündogar-Günbatar aziýada iň meşhur myhmanhana Singapurda ýerleşýändir.
Eger siz syýahatçy bolsaňyz we dünýäniň çar ýanlaryna bolup gören bolsaňyz, onda siz MarinaBaySands atly myhmanhanany bilýänsiňiz. Bu myhmanhanada diňe aziýatlar däl-de, iş boýunça ýa-da dynç almaga gelen ýewropeýlar hem durýarlar.

4. Öňki wagtlarda Singapur malaýziýaly şäher bolup durýardy.
Köp kişi geň galýar, näme üçin Singapury döwlet hökmünde hasap edýärler. Malaýziýanyň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolsaňyz, olaryň köpüsi Singapur malaýziýanyň böleginden çykyp, garaşsyz bolandygy hakynda bilýän däldirler. Iki ýurt “ýogyn ýüp” bilen baglanyşyklydyr. Köp malaýziýaly ýaşaýjylar goňşy ýurtlara gazanç üçin barýarlar, singapurlylar bolsa goňşy ýurtlara dynç almak üçin gidýärler.

5. Singapur – bu ýaş döwletdir.
2015-nji ýylda Singapura 50 ýyl boldy. Singapur garaşsyzlygyny 1965-nji ýylda aldy, ondan öňürti bolsa Singapur Ýaponlaryň we Beýik Britanlaryň hökümedinde ýerleşýärdiler.

6. Singapurda uzyn jaýlary gurmak bolanok.
Häzirki wagtda ýurtda 64 uzyn jaýlar bar. Emma olaryň hiçisi 280 metrdan geçýän daldirler. Hemmezadyň sebäbi bolsa bu ýerde MarinaBaySands harby bazasy ýerleşýär we uçarlar üçin uzyn jaýlar päsgelçilik döredip biljekdir.

7. Ýurdyň esasy nyşany – Ýolbars
Ähli haýwanlaryň şasy bolan ýolbarsa – ýurdyň esasy nyşany bolmak miýesser etdi. Singapuryň başga ady – The Lion City. Singha malaýziýa dilden terjime edilende “ýolbars” diýmegi aňladýar. Bu haýwanyň kellesi hem esasy nyşany boldy, gyzykly zatlaryň biri bolsa bu haýwanlar hiç haçan Singapurda ýaşamandylar. Emma hökümet ýolbars – erkekligiň alamaty diýip düşünýär we şeýle nyşan bilen öz hereketlerini suratlandyrýar.

8. Millionerlaryň şäheri
Geň zatlaryň biri, 6 raýatdan 1-i millionerdyr we bu diňe bank hasaplaryň netijesi astynda çykarylan fakt. Eger-de ähli maşynlary, otaglary we zawodlary gözegne tutsak...Statistika maglumatlara görä Singapurda dünýäniň iň köp millionerlary jemlenendir.

9. Singlish – Singapuryň resmi dili
Singlish (singapur iňlis dili) ýurdyň käbir ýerlerinde ulanylýan dil bolup durýar. Ol dilde dürli dillerden alynan sözler gabat gelýär, esasan: hytaý, iňlis we elbetde malaýziýa dili.

10. Singapuryň bir söwda merkezleriň içinde hakyky köl gurmak netijä geldiler.
Bu turistlary özine çekýär we ýaşaýjylary haýrana galdyrýar. Siz söwda etmäge çykanyňyzda hakyky kölüň ýanynda bolarsyňyz diýip pikir etdiňizmi? Şol sanda onuň çäginde dürli gaýyklar we gondolalar seýil edýärler. Bular ýaly üýtgeşikligi we täzligi diňe Singapurda görüp bolýar. Bu adaty bolmadyk netijä MarinaSquare söwda merkeziniň gurlyşygy amala aşyrylýan wagty geldiler. Indi her bir turist we ýerli ýaşaýjylar tebigatyň gözelligini megapolisdan çykman duýup we görüp bilerler.


Makala baha ber:

Reýting: 4.0/5 (9 baha berildi berildi)

Okaldy: 379. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs