TM HYZMAT BILMELI
Söýgi


Barýardym men köçede Öňümden bir gyz çykdy
Ol şeýle bir enaýy Meni özüneçekdi.
Onuň gara gözleri Meň gözlerime bakdy.
Şol wagt ýürek syzlady. Döredi täsinduýgy.
Ýöne welin enaýy gyz, geçip gitdi deňimden
Men bolsa durup galdym diýip bilmän bir sözem.
Öýe baranymda şol gün gözüme uky gelmedi.
Onuň gara gözleri hyýalymdan gitmedi.
Ertesi gün turamda ony göresim geldi.
Onuň gözlegine çykdym Taparyn diýip bir ýerden
Ol enaýy gyzy men Gije-gündiz gözledim
Gözledim her ýerlerden Ýöne tapyp bilmedim
Bir gün diýdim özüme ,, Näme edýän özi men Bes ýeter boldy indi, Taparynlaý başgasyn‘‘
Biri - birinden owadan Ençeme gyzlar duşdy
Ýöne ýüregim diňe Enaýy gyz diýip urdy
Durup bilmän men, ýene Onuň gözlegine çykdym
Ahyry tapdym ony we sözlerimi aýtdym.
Ine şeýdip kän gözläp Tapdym men öz bagtymy.
Ol dörän täsin duýgy Bu söýgi eken, söýgi

Goşgy ulanyjymyzdan gelip gowuşdy:
Awtor: Ahmet Halmyradow.


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 176. Şü gün okaldy: 4


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 Anonimus

Galamyn yiti bolsun
11.11.18 14:13

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs