TM HYZMAT BILMELI
Stenford talyplaryna 2 sagatda 600$ gazanmak başartdy


14 toparyň her birisine 5 dollary bukja berilýär, ýagny “başlangyç kapital” hökmünde we 2 sagat wagt berilýär. Tabşyryk tamamlanandan soňra her toparda öz işini görkezmek üçin 3 minut berilýär.

Improwizirlenen awto ýuwalga açmak hakda teklipler bardy ýa-da sowuk içgileri satmak üçin göçmedükanlar – şeýle ýagdaýlarda 5 dollar materiallary we gerek bolan önümleri almak üçin ulanylýardy. Birnäçe sagatda biraz pul gazanmak isleýänler üçin gowy wariantlar.

Emma iň köp pul gazanan toparlar ýokarky teklipleriň birini hem ulanmadylar, hat-da başlangyç üçin berilen 5 dollary hem ulanmadylar. Şeýle pul möçberi olara hiç-hili kömek etmejegine düşündiler. Şeýle ýagdaýa başga ýüzden garap özlerine: “Hemmezady noldan başlasak näme?” diýen sorag berdiler.

Bir topar talyplar şäherçesiniň bir problemasyna üns berdiler, ýagny meşhur restoranlaryň gapysynda dynç günleri bolýan nobatlary görüp, toparyň agzalary restorandaky stollary bronlap goýýardylar we wagty gelende ýerleri 20$ dollara satýardylar. Şeýlelik bilen köp wagt garaşmak islemeýän müşderiler satyn alýardylar.

Başga topar bolsa has ýönekeý usul tapdylar. Olar ýokary okuw jaýynyň önünde ýörite dim-dik goýup tigirlerdäki şinalaryň dawlenýasyny mugt ölçäp bermek hyzmatyny açdylar. Birnäçe müşderilere hyzmat edenlerinden soň topar tigir sürüjileriň olara nähili minnetdardygyny bildiler. Täze hyzmatyň ýönekeýligine we mugtdygyna garamazdan ulanyjylara gymmatly göründi. Birnäçe sagatdan soň topar bellenen tölegiň ýerine, ulanyjylarynyň öz göwnünden çykaran tölegini almaga başladylar. Girdeýje birnäçe esse galdy.

Bu proýektlaryň hersi öz eýelerine ýüzlerçe dollar getirdi we bu herkimi haýrana galdyrandyr. Emma bir topara 650$ gazanmak başartdy: olar öz resurslaryna bolan garaýşyny düýpgöter üýtgetdiler.

Bu talyplar öziniň iň gymmatly resursy olaryň 5 dollary we 2 sagady dälde, eýsem soňky netijeleri görkezmek üçin beriljek 3 minudydygyna düşündiler we şol wagty bir kompanýa satmagy ýüregine düwdiler. Olar 3 minutly mahabatly wideo rolik dörediň ony talyplara görkezdiler, kompanýa bolsa olara mahabaty üçin 650$ töledi. Bu iň gowy usullaryň biridir. (Bu barada hiçkimiň akylynada gelenokdy.)

A siz näme ederdiňiz?


Makala baha ber:

Reýting: 3.7/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 248.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak