TM HYZMAT BILMELI
Sugun hakynda faktlar


Sugunlar – namysjaň jandarlar, olar sowuk demirgazyk şertlerde ýaşaýarlar. Görmegeý we ajaýyp syraty bolan sugunlar halk ertekilerinde we aýtmyşlarda köp duş gelýärler.

1. Sugun çagalary dogulanyndan birnäçe sagat soňra birnäçe mil ýoly ylgap geçip bilýärler we olar ene süýdünden 1 aý ýaşynda aýrylyp bilýärler.

2. Iň kiçi sugunar – başgaça olara suwly diýip atlandyrylýar, agramy bary ýogy 10-15 kg. Iň äpet sugunlar bolsa – agramy 3 sentnerdan geçip bilýär.

3. Sugunlar her ýyl öz şahlaryny taşlaýarlar we ýerine täze şahlary ösýär. Bu düzgünden daşary diýlip ýokarda agzalyp geçilen suwly sugunlardyr, olarda şah ýok. Sugunyň şahy birnäçe tikin görnüşlerinden emele gelýändir, olar şahy gerekli mikroelementlar bilen üpjün edýärler, şol sebäpden şahyň ösmegine görä ýaş sugunyň teni guraýar we dökülýär. Şonuň üçin şahly sugunlar şahy bilen baglara süýkenýärler.

4. Häzirki wagt sugunlaryň eti dükanlarda satylýar, we sugundan taýýarlanan naharlara bolsa restoranlarda gabat gelip bolýar. Urkaçy sugun adaty gyzyl etden has iýmitlik gymmatly diýlip hasaplanylýar. Sugunlaryň şahlary derman önümçiliginde we biologik goşundylarda ulanylýar.

5. 7.500 ýyl mundan ozal ölen sugunlaryň şahynyň bat alyp aýlanyş meýdany 3.5 metr barabar bolypdyr.

6. Demirgazyk sugunlar – şahlary diňe erkek sugunda däl-de, eýsem urkaçy sugunda hem bolan ýeketäk görnüşleridir.

7. Sugunlar dürli ýerlerde ýaşaýarlar, şol sanda hem Afrikada. Emma olar köplenç tokaýlykda ýa-da tundrada gabat gelýärler.

8. Karibanyň ene süýdi peýdaly maddalar bilen baýdyr. Ondan daşary onuň düzüminde 20% ýag bardyr. Sygyryň süýdündäki 5% bilen deňeşdirilende bu örän uly görkeziji.

9. Sugunlaryň gözleri pasyla görä reňkini üýtgetýändirler. Tomusda olar bal reňkde, gyşda bolsa – gök. Tapetum lucidum nähili üýtgeşmeler başdan geçirýär? Bu gözüň arka tarapyndaky gatlagy, ol gatlak agşamky şöhläni serpikdirýär. Alymlaryň pikirine görä köp wagtly arktik gyşlaryň dowamynda haýwanlaryň göz gabaklary ulalýandygy bilen baglanyşyklydyr.

10. Sugunlar muhomorlary iýmegi gowy görýärler, muhomorlar galýusiogen maddalar bilen baýdyr. Aýtmyşlara görä, ýerli şamanlar şol kömelekleriň iýilmek däbini demirgazyk sugunlardan alypdyrlar. Şeýdip öndengörüjiler göze görünýän wakalary oýlap tapypdyrlar. Käbir adamlar bolsa, şu usul bilen täze ýylky uçýan sugunlaryň emele gelmegine ýardam berilendir diýip pikir edýärler.
11. Sugunlaryň nika döwri apreldan – noýabr aralykda bolup geçýär. Şol döwürde erkek sugunyň organizimynda onuň häsiýetini üýtgetýän köp möçberde testesteronlar bölünip çykarylýar. Nika döwrüniň ahyrýany sugunlar urkaçy sugunyň üstünde göreş alyp barýarlar.
12. Has hem abanýan sugun birnäçe urkaçy sugunlary saklap bilýär, olaryň sany käte 20 barýar. Öz sugunlaryny aýlanyp we olary gorap, abanyjy erkek sugun köp wagtyň dowamynda iýmän biler. Nika oýunlaryň döwründe sugunlar güýçli ses çykaryp, urkaçy sugunlary özine çekýärler.
13. Iýmitiň az döwründe güýçlerini saklamak üçin sugunlarda metabolizm haýýalaýar, ýüregi hem haýal urup başlaýar. Bu şol sanda gerekli bolan bedeniň temperaturasyny saklamaga ýardam berýär.


Makala baha ber:

Reýting: 2.0/5 (1 baha berildi)

Okaldy: 37. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs