TM HYZMAT BILMELI
Suw geçirmeýän noutbook


"Apple" kompaniýasy innowasion noutbuk döretmegiñ üstünde işleýär. Sensor ekran we ARM prosessor bilen abzallaşdyryljak gibrid enjam "Star" (Ýyldyz) diýlip atlandyrylar. Şeýle hem noutbukda SIM kartlar üçin içinden ýörite oturdylan ýer we GPS moduly bolar.

Hünärmenler enjamyñ suw syzdyrmajakdygyny aýdýarlar. Şeýle hem enjamyñ bütin 1 gije-gündizläp işjeñ ýagdaýda ulanylan halatynda hem zarýadsyz oñjakdygy aýdylýar. Täze enjamda haýsy amaly ulgamyñ boljakdygy we onuñ haçan satuwa çykaryljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.
Maglumatlara görä, kompaniýa täze enjamyñ ilkinji nusgalaryny üstümizdäki ýylyñ başynda işläp düzmäge girişdi we synagdan geçirmek üçin Kupertinodaky ştap-kwartirasyna ugratdy.


Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (8 baha berildi berildi)

Okaldy: 179.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 m

oran tasin hem gyzykly! isin rovac bolsun
20.02.19 18:02

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak