TM HYZMAT BILMELI
Suw hakynda faktlar


Suwuň 100 derejede gaýnaýandygyny hemmämiz bilýäris. Aslynda suw islendik gyzgynlykda bugarýar. Yssy howada uzaga seredenimizde, ýokary göterilýän bugy gözümiz bilen hem görüp bilýäris. Ýa-da bolmasa, ýuwlan eşikler serlende, onuň guramagy hem bugarmak arkaly bolýar. Emma suw 100 derejeden soňra dolulygyna gaz halyna öwrülip bugarýar. Bugarmak hadusasy basyşa görä üýtgeýär. Ýer ýüzünde atmosfera basyşy deňiz derejesinden ýokary çykylanda peselýär.

Şol sebäpli has belent ýerlerde suwuklyklar az derejede gaýnaýar. Mysal üçin, suw deňiz derejesinde, ýagny 1 atmosfera basyşynda 100 derejede gaýnaýan bolsa, 8848 metrlik Ewerest dagynyň çür depesine çykylanda, 70 derejede gaýnaýar. Deňiz derejesinden has aşaklarda bolsa suwy gaýnatmak üçin 100 derejeden hem köp gyzdyrmaly bolýar.
Tebigatda sap arassa suw (H2O) ýok diýen ýalydyr. Adatça ýagynyň suwy arassa bolýar.

Emma ol ýere siňip ýa-da akar suwlara goşulyp, toprakdaky minerallar bilen baýlaşýar. Daglardan akýan çeşmelerdäki we ýerasty suwdaky süýji tagam şol minerallaryň tagamydyr. Şondan soňra janly-jandarlar üçin içmäge ýaramly bolýar. Suwuň bugarmagyna we gaýnamagyna täsir edýän ýene bir zat bolsa, onuň düzümindäki minerallar we duzlardyr. Deňiz suwy şor bolany üçin süýji suwa garanyňda, has haýal bugarýar. Suwuň doňýan derejesi hem onuň onuň düzümine bagly. 100% arassa suw -48°C sowuklykda doňýar.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.2/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 359.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Maşa

Gaty ajayyp
23.05.19 06:58
 Çary

Gowy
20.05.19 04:46
 M

Super
06.03.19 18:20
 jem_l

Hakiki
04.03.19 19:31
 jem_l

Dogry ↑
04.03.19 19:31
 Maral

otlicno
03.03.19 17:34

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak