TM HYZMAT BILMELI
Portal hem-de ýolgörkeziji web saýtyň açylanyna
6 aý boldy


TM HYZMAT portal hem-de ýolgörkeziji web saýtyñ açylanyna - 6 aý boldy!!!


Salam hormatly ulanyjylar, telekeçiler we hyzmatdaşlarymyz!

Bu gün 8-nji fewral we biziñ şanly zähmetimize 6 aý boldy. TM HYZMAT proýekti - ilkinji tûrkmen portal-ýolgörkeziji saýt bolup durýar. Uly göwrümli, çäksiz we köptaraplaýyn. Häzirki wagtda Tmhyzmatyñ düzüminde:

65 - sany bölüm, olaryń içinden:

10 bölüm - portala degişli
55 bölüm - ýolgörkeziji hyzmatlara degişlidir.

→ Biziñ ulanyjy sanymyz gün-günden artýar
→ Türkmenistanyñ çäginde 4 sany proýektlar bilen hyzmatdaşlyk edýäs
→ Tmhyzmatyñ reklamasy sosial ulgamlarda, hyzmatdaşlarda, internediñ çäginde we başga mûmkin bolan ýerlerde edilip, täze ulanyjylary özine çekýär
→ Tmhyzmatyñ portal tarapy ulanyjylary täze maglumatlar bilen özine çekip durýar

Indi 08.08.2017-nji ýyldan 08.02.2018-nji ýyl aralykda Tmhyzmat portalyñ ösüşi we ýeten derejeleri hakda gysgaça belläp geçmekçi:


08.08.2017 - Ilkinji Tmhyzmat saýtyñ açylan görnüşi - 8 bölümden ybarat we diñe ýolgörkeziji hyzmatlar

13.09.2017 - Tmhyzmat saýtyñ dizaýny üýtgedilip, onuñ düzüminde 12 sany bölüm bar


25.10.2017 - Tmhyzmat saýtyñ düzüminde 17 bölüm


13.11.2017 - Tmhyzmat saýtyñ portal hem-de ýolgörkeziji bolmagy, täze döwrebap dizaýny we düzüminde 25 bölüm onuñ içinden 4 bölüm portala degişli.


18.11.2017 - Tmhyzmat saýtyñ köne salgysy (www.tm-hyzmat.su) ýatyrylyp täze (www.tmhyzmat.com) salgysyna geçmegi.

25.12.2017 - Tmhyzmat saýtyñ göwrumi 37 bölüme çenli giñedi, olaryñ içinden 8 bölüm portala degişli.


05.01.2018 - Tmhyzmat saýtda täze Degişmeler, Gyzykly makalalar (häzirki makalalar we hekaýalar) bölümleriñ açylyp ulanyjylara ýetirilmegi.


XB Mawzer - Tanamadyk Bamy TMHYZMAT.COM

12.01.2018 - XB Mawzer tarapyndan Türkiýede ýörite TM HYZMAT saýty üçin aýdym ýazylyp, çykarylmagy. (aýdymy "Aýdymlar" bölüminiň "Türkmen aýdymlar" bölümiň içinden tapyp, ýükläp bilersiňiz)

24.01.2018 - Tmhyzmat saýtyñ göwrümi 50 bölümden ybarat boldy.

01.02.2018 - Tmhyzmat saýtyñ göwrümi 62 bölümden ybarat boldy.

08.02.2018 - Tmhyzmat saýtyñ göwrümi 65 bölümden ybarat boldy, olaryñ içinden 10 bölüm portala degişlidir.

Gysgaça aýdyp geçsek çeken zähmetimiz siziñ häzirki ulanýan we görýän saýtyñyz. Tmhyzmat diýseñ uly we özboluşly proýekt, biz ony tagtada çyzyp ýa-da surata eskiz çekip ýasamadyk. Tmhyzmat öz akymy bilen ýönekeý kompyutorda we redaktorda döredi.

Biziñ hyzmatlarymyzdan peýdalanýan bolsañyz, biz hakda şu makalada teswir galdyrsañyz size minnetdar bolardyk!

Hormatlamak bilen TM HYZMAT topary.

Çalt tapyñ, ulanyñ we elbetde girip duruñ!!!


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (3 baha berildi berildi)

Okaldy: 851.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak