TM HYZMAT BILMELI
Tolkunlary ýagtyldýan jandar


Tebigatda diňe Günden, Aýdan, ýyldyrymdan, çyradan başga-da birnäçe ýagty saçýan zatlar bar. Gury ýerde we deňizlerde ýagty saçýan dürli jandarlar bar. Olaryň biri hem ummanlarda ýaşaýan fitoplankton atly örän kiçijik jandarlardyr. Planktonlaryň dinoflagella atly bu görnüşleri ummanlaryň ýüzüne golaý ýerlerinde ýaşaýar. Şol sebäpli olar gijelerine deňiz kenarlaryndaky tolkunlarda birwagtda ýanyp, örän täsin görnüşi emele getirýärler. Bu jandarlar diňe gijelerine däl, eýsem, dartgynly ýagdaýa düşenlerinde hem ýagty saçýar.

Bu tebigy hadysany Maldiw adalarynyň kenarlarynda has köp görmek bolýar. Deňizdäki jandarlar tolkunyň täsiri we asmandaky ýyldyzlaryň yşygynyň deňiziň ýüzüne düşmegi bilen hamana deňzi asman ýaly görkezýär. Bu hadysa ýaz paslynyň ahyrlarynda Hindi ummanynyň demirgazyk günbatary bilen Indoneziýanyň arasyndaky sebitde hem gabat gelinýär.
Bu hadysanyň Atlantik we Ýuwaş ummanlarynda her gije diýen ýaly bolýandygy bellenilýär.
Suwuň ýüzüniň ýagtylmagyny uçarmanlaryň has köp görýändigi, hatda ondan ýollaryny tapmakda çelgi hökmünde peýdalanýandyklary hem aýdylýar. Alymlar bu kiçijik jandarlaryň goranmak maksady bilen hem zäher öndürýändigini belleýärler. Şeýle hem olar öz awunyň ünsüni çekmek üçin hem ýagty saçýarlar. Käbir janly organizmleriň amala aşyrýan himiki reaksiýalary netijesinde ýagtylyk energiýasyny öndürmegine biolýuminessensiýa diýilýär.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)

Okaldy: 179. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(8)



 MAYYA

Hawa cyn maraljan ozal televizordada gorupdim
26.03.19 15:18
 MAYYA

Hawa cyn maraljan ozal televizordada gorupdim
26.03.19 15:18
 MAYYA

Hawa cyn maraljan ozal televizordada gorupdim
26.03.19 15:18
 Maral

Garasyas yene tasinlikler dunyasine
20.03.19 17:48
 jem_l

Gaty tasin yone gowy
17.03.19 21:01
 Muhammet

Maral 64907065 kyn görmeseñ mumkin bolsa
16.03.19 18:07
 Muhammet

Maral 64907065 kyn görmeseñ mumkin bolsa
16.03.19 18:03
 Maral

Dogurdanam cynmyka cyraly jandarlar
15.03.19 23:58

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak