TM HYZMAT BILMELI
TOP 5 iň gymmat sagatlar


Häzirki wagtda islendik adamyň esasy bezegleriň hem biri el sagat bolýandygy syr däldir. Hemmämiz bilýäris, el sagatlar adamyň maddy ýagdaýyny suratlandyryp, onuň abraýyny ýokary derejede saklamaga we bildirmäge mümkinçiligi bolan bezegdir. Emma dünýäde adaty adamyň ýagdaýyna eýgertmejek gymmat bahaly sagatlar hem bar. Olary esasan Şweýsar ussalary ýasaýarlar. Nädip adaty durmuşda ýaşaýan adam beýle gymmat sagatlary özine dakynsyn? Çyklagasy elmydama bardyr – Imidj internet-magaziny şweýsar sagatlaryň ýokary hilli kopiýasyny satýar. Geliň indi bolsa birnäçe gymmat bahaly sagatlaryň TOP 5-ligi bilen tanyşalyň!

A. Lange & amp; Sohne Grand Complication
Bäşinji ýerimizde fantastik şekildäki hronografly 1.92 million ýewro bahaly sagada düşdi. Nemes ussalary ýurtda iň kyn mehanizmi çöpläp, zähmetiniň rehnetini gördüler, mehanizmda 876 detal bar, olaryň her birisi öz funksiýasy bar, şonuň uçin ussalar öz ussatlygyndanam üstün çykyp hakyky ussat sagady ýasadylar diýsek bolar. Her 15 minut we 1 sagatdan bu sagat öz eýesine içindäki gurnalan ýörite barabanlaryň kömegi bilen ses signalyny berip bilýär.

Berkidiji ýaly hem korpusy gyzyldan ýasalandyr, saklaýjy remeşogynyň materialy bolsa krokodil bolup durýar. Döredijilerde bu ussat sagady döretmek üçin takmynan 7 ýyl sarp edildi, emma bu 7 ýyla degýär, sebäbi satyn almaga höwes bildirýänler kändir, hat-da bary ýogy 6 ekzemplýary bar.

Platinum World Time
Dördünji ýerimizdäki ajaýyp sagatlaryň biri hem Platinum World Time bahasy 4 million takmynan görkezilen birlikdir. Kompanýa üçin gymmat bahaly sagatlary döretmek adaty iş, sebäbi ilkinji modelini 1939-njy ýylda hödürlediler, häzirki asyryň başynda sagadyň aktual bahasyny anyklan auksion geçirildi. Bu model dünýäniň 24 sagat guşaklygynda wagty görkezip bilýär, berkligi bolsa ençeme ýyllar bilen subut edilendir.

Häzirkizaman sagatlary taýýarlamagyň esasy materiallar ak we gülgüne gyzyldan, şeýle hem platinadan. Köne döwür hakynda sagadyň ýüzük görnüşdäki dilleri ýatladýar.

201-carat Chopard
Üçünji ornymyzy eýelän sagat 201-carat Chopard akylymyza sygmajak 25 million dollar bahasy bardyr. Bu modeliň ýeketäk görnüşini bezeýän gül şekilli gymmat bahaly daşlar bolup durýar. Sagat siferblaty 3 sany dürli reňkdäki ýürek şekili emele getirýän brilliantlar bilen bezelendir. 874 sany uly bolmadyk kristallar hronomeryň sagat hökmünde dälde, gymmat bahaly bezeg hökmünde kabul edilýändiginiň şaýady bolup biler.

Joaillene Manchette
Ikinji ýerimizde Joaillene Manchette 27 million dolllar bahasy bolan sagat orun alýar. Ol 2008-nji ýylda şweýsar ussalary tarapyndan döredildi we gyz-gelinler üçin bezeg aksessuary bolup durýar. Ak gyzyl, oniksyň kristallary we 576 sany brilliant bu ussat sagadyň düzüminde jemlenendir. Kiçi görnüşdäki siferblat innowasiýa hökmünde kabul edilenok, mehanizmyň özi bolsa Elizaweta ikinjä sowgat hökmünde hödürlenildir.

Graff Fascination
Birinji ornumyzy hem 40 million dollar bahasy bolan Graff sagady eýeleýär. Öz garşydaşlaryny gymmat bahaly daşlaryň köplügi bilen ýeňip geçen bu sagady her bir baý adam hem satyn alyp bilmez. Bu dünýäde iň gymmat hronometr bolup durýar, ony ulanyş şertleri bolsa haýrana goýýar. Sebäbi bu sagady kojaly guşak, ýüzük we gymmat bahaly şaý sep hökmünde dakynyp bolýar, çünki mehanizmi ýeňillik bilen bir berkidijiden beýleki berkidijä geçirilýär. Şeýle hem çäksiz almazlaryň we gymmat bahaly daşlaryň sany hakynda aýtmak artykmaç bolarmyka diýýäs!


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (4 baha berildi berildi)

Okaldy: 654. Şü gün okaldy: 5


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Messi

BET
25.08.18 09:44
 Anonimus

BET
25.08.18 09:44
 Hos

40 million dollarlysy mende ba so😂😂😂😂
13.08.18 23:26
 Тимур

Bet
11.08.18 22:26
 Anonimus

Говы
04.08.18 15:48
 KaD

Mehanikadan gowsy yoklay
15.07.18 15:50

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs