TM HYZMAT BILMELI
Towuklar bilen “gürleşip” bolarmy?!.


Janly-jandarlaryň diline düşünip bilýän gahrymanlar barada ertekilerde kän eşidensiňiz. Şol gahrymanlaryň köpüsi hem guşlar bilen gürleşýär. Näme diýip, näme aýdarsyň, tehnologiýa indi “guş dilini” hem terjime edip bilýär. Towuk idedýäňmi, ABŞ-nyň Jorjiýa tehnologiýa institutynyň alymlarynyň guş diline düşünýän emeli aňyndan edin-de, towuklar bilen gürleşde ýör.
Hawa, bu biziň size ýetirjek bolýan habarymyzyň degişme tarapy. Ýöne, hakykatdan-da, emeli aň indi bize guş dilini, ýagny towuklaryň dilini hem terjime edip berýär. Bu iş alymlara birbada aňsat düşmedi. Olar birnäçe ýyllap towuklaryň dilini öwrendiler. Haýsy sesi çykaranda, olaryň näme diýjek bolýany bilen içgin gyzyklandylar. Bu iş olaryň iki ýyla golaý wagtyny aldy. Ahyrynda seslerden many çykarylyp, olar toparlara bölündi we emeli aňa ýerleşdirildi.
Bu synag towuklaryň hem öz aralarynda edil adamlar ýaly gürleşýändigini görkezdi. Sesiň äheňi olaryň duýgularyny beýan edýär. Mysal üçin adamdan başga jandarlar hem çykgynsyz ýagdaýa düşende sesini gataldýar. Alymlar bu gatalan sesiň her gezek şol bir äheňde çykýandygyna göz ýetirdiler.
Guş diliniň «terjimeçisi» ilki eşiden sesini öz mümkinçilikleri bilen derňeýär. Soňra ony fermanyň dolandyryş bölümindäki kompýutere ugradýar. Bu ýerde-de towuklaryň «aýdan-goýanlary» terjime edilýär. Indi bu terjimeçiniň kömegi bimen towuklaryň derdini aňlap bolar.

Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 5.0/5 (2 baha berildi berildi)

Okaldy: 297. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Merjen Orazgulyyewa

guzel
11.06.19 16:53
 Maral

Salam Admin ilkinji bolup okan diyen bolumun ilkinji yazylan gosgulary okasym gelya yone acanok hayys seredayyn
17.04.19 04:59
 Ahmedik

Salam hormatly Ş.Gurbanmyradowa! Meniň pikirimçe biz garyndaş däl bolmaly. Sebäbini +99362976856 belgide imo arkaly aýdaryn.
14.04.19 21:41
 Ş.Gurbanmyradowa

bahhh redaktor garyndasym oytyan familyamyz menzes eken
14.04.19 20:47
 Maral

Gen ve gyzykly
12.04.19 16:17
 jem_l

👍👍👍
12.04.19 14:24

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak