TM HYZMAT BILMELI
Akylly we örän peýdaly, emma tanalmaýan öýjükli enjmalar hakda!


Bäbejiklerimiziň ilkinji suratlaryny elbetde lukman UZI-dan geçip görýäris. Soňra bolsa içimizde gymyldaýşyny diňleýäs we diňe onuň nähilidigini gözegne getirip gezýäs. Öz bäbejikleriniň ýagdaýlaryndan habarly bolmak üçin we görüp durmak üçin PreVue kömege gelýär. PreVue – bu ýörite displeýli garyna geýilýän elektron enjamy bolup durýar. Gelejekki ene-atalarda öz bäbejigine entek dogulmazdan öňürti syn etmek mümkinçiligi döreýär.

Elde ýerleşýän ekran, sensorly we başga häzirkizaman funksiýalar bilen enjamlaşdyrylan zat, bu indi hakykat boldy. Cicret – kompaniýasy şeýle tehnologiýany oýlap tapdy, ýagny adamyň eline braslet görnüşli enjam dakylýar soňra ol işe girizilýär we ynha-da biziň elimizde ekran emele gelýär!

Gelin-gyzlarymyza saç boýamak agyr işleriň birine öwrülýär. Şol sanda boýag elmydama saça peýdaly bolup duranok. Amerikan öndürijiler bu prosessi nädip aňsatlaşdyrmaly we ýeňilleşdirmek boýunça işler geçirdiler. Prawana atly ütüg emele gelenden soň saçlary agartmak üçin birnäçe sekunt gerek bolar. Öndürijiler bu enjam howpsyz we çalt işlejegini aýdýarlar. Ýene-de bir gelin-gyzlar üçin täzelik bu fen bolup durýar. Bu enjam saçlary gyzdyrman guradýar, sebäbi temperaturany kontrolda saklaýar; isleýän görnüşiňizi berýär we şol sanda hiç hili ýöriteleşdirilen serişdeler ulanylmazdan. Hakyky gözellige çalt, ýönekeý we artykmaç agram salman ýetip bolýandyr.

Çalt uklamak üçin göze geýilýän sarag hakda hemmekişi bilýan bolsa gerek. Emma öndürijiler birnäçe ädim öňe süýşdiler: olar ulamak üçin niýetlenen saraga çyra diodlary ýerleşdirdiler, olaryň ýylpyldamagy günüň ýaşmagyny ýatladyp durýar, oýananlarymyzda bolsa – gögümtil öwüşginler berýär.

Bu maskany hakykatdan hem JADYLY diýp atlandyrsak ýalňyşmarys. Ol ençeme başga kosmetik serişdeleriň ýerini tutup bilýär. Enjamyň maksady – agyryny aýyyrmak we bakteriýalary öldürmek. Onuň işlemegi üçin LED-çylajyklar ulanylýar, olar gyzyl we gök reňkde.
Siz nähili tejrimeçileri bilýärsiňiz? Her bir okyjymyz birnäçe sanysyny aýdar diýp umyt edýän. Emma Touch-Hear atly taktil entek sözlük görnüşdäki terjimeçi hakda bilýän azdyr. Adyndan belli bolşy ýaly biz sensorlaryň üsti bilen eşidip bileris. Enjam iki sany funksiýany işledýär: barmaklara dakylýan ownuk sensor düwmejikleri we gulagyň ýanyna dakylýan kiçijek ýastyjyklary. Haçanda barmak haýsydyr bir ýazylan söze degende gulaga onuň manysy eşidilýär. Ses şeýle ýuwaş, çünki ol diňe size eşidilýär.

Beýni işjeňligine adamzat öz täsirini asyrlar boýy ýetirmek islegi bar. Nädip ýadowlygy çalt düşürip bolar, arkaýynlaşmak ýa-da tersine işjeňligi dolandyrmak? Bu soraglara alymlar we öndürijiler Thync enjamyň döremegi bilen jogap berýärler. Hakyna alanymyzda bu enjam kellämizde ýa-da boýnumuza dakylýar, smratfondan dolandyrylýan elektrik impulslary göýbermek arkaly organizime täsir edýärler. Onuň mümkinçiliklerinde düýş, dynç, delillendirmek, rahatlyk, relaks ýaly we başga ençeme duýgulara täsir ýetirip bilýär.
Birwagtlar signally briloklar bardy, olaryň kömegi bilen ýiten açarlary tapyp bolýady. Häzirki wagt olaryň gurluşyny ýadynda saklan adam azdyr, ýöne bu pikir öz dowamyny tapdy. Täze brelok smartfona birikdirilýär. Ony köp ýitýän zadyňyza dakyp bolýar. Ýiten wagty breloga smartfondan jaň ediň onuň we ýiten zadyňyzyň ýerleşýän ýerini bilip bolar.


Makala baha ber:

Reýting: 4.5/5 (4 baha berildi berildi)

Okaldy: 320. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(0)



Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs