TM HYZMAT BILMELI
Wagt barada


Wagt barada...

Gündogaryň gadymdan gelýän wagtnamalaryna görä, 1 müçe 12 ýyla, 3 müçe 1 garyna ýa-da 36 ýyla deňdir. 1 kosmik gün, ýagny, 2 garyn (72 ýyl) 1 ömre, 10 ömür (720 ýyl) 1 döwre, 3 döwür (2 160 ýyl) 1 zamana barabardyr. 3 zaman (6 480 ýyl) 1 eýýama, 4 eýýam (25 920 ýyl) 1 kyýamata deňdir.

Geliň indi bolsa, wagt barada aýdylanlardan okap göreliň:

√ Wagt adamyň ömründäki iň gymmatly serişdeleriň biridir.

√ Wagt ýitirmek — özüňi we ömrüňi ýitirmekdir.

√ Bir günde 24 sagat, 1 440 minut, 86 400 sekunt bar.

√ Günümiziň her bir sagadyny, minudyny hat-da sekundyny hem tygşytly, netijeli ulanyp bilsek, bu biziň üçin iň uly, tapylgysyz baýlykdyr.

√ Ýitirilen baýlygy gaýtadan toplap, gazanyp bolar, emma ýitirilen, geçen wagty yzyna gaýtarmak mümkin däl.

√ Günde 5 minut bihuda geçirilse, ýylda 30 sagada deň bolar.

√ Günde 1 sagat ýitirilse, ýylda 15 güne deň bolar

√ Bir gijedäki alýan 8 sagat ukymyz 1 ýylda 4 aýa deň bolar.

√ Wagtyň gadyryny bilmeýänler şowsuzlyga uçrar.

√ Wagt — öwezi dolunmagy, yzyna gaýtarylmagy, täzelenmegi, satyn alynmagy mümkin bolmadyk baýlykdyr.

√ Aslynda boş wagt diýlen zat ýokdur, diňe boş geçirilen wagt bardyr.

Wagtyňyzy bihuda geçirmäň, hormatly okyjylar!

Çeşme: Esger gazeti
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.4/5 (10 baha berildi berildi)

Okaldy: 226.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Bayram

Wagt bu hakykatdyr hakdyr ,tebipdir ,dermandyr ,armandyr ,ahmyrdyr ,
14.06.19 13:14
 Dursunjemal

Hakyky dogry wagt bu hic wagt yza dolandyryp bolmayan gymmatly hazynadyr.
09.06.19 23:12
 kaka

gaty dogry
02.06.19 18:04
 Maşa

Howa dogry wagt in gymmatly zadymyz.Menem wagtymy yitirmayinde tizrak beyleki makalalary hem okayyn
29.05.19 11:15
 jem_l

Gynansakda diñe bir wagtam dal dolanmaýan zat
25.05.19 19:53
 jem_l

Dogry aydyañyz..wagtyñ gadryny bilmeli..gidip yzyna gaydyp gelmejek yeketak zat WAGT☺
25.05.19 19:53

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak