TM HYZMAT BILMELI
Wanganyň aýdanlary we ömri


[Wanga - bilgiç,öñden görüji.]

Wangeriýa (Wanga) Pandewa Guçherowa 1911- nji ýylda Makedoniýanyñ Strumiçha şäherçesinde dünýä inýär.Gyzjagazyñ üç ýaşy dolanda ejesi aradan çykýar.12 ýaşly Wanga öz ýaşaýan şäherçesiniñ gapdalyndaky meýdanda gezip ýörkä güýçli apy-tupan turýar we şol ýerde gözlerinden mahrum galýar.Ony hiç bir tebib, lukman bejerip bilmeýär.1939-njy ýylda Wanga erbet sowuklaýar we onuñ ömri gylyñ üstünde galýar.1941-nji ýylda Wanganyñ adatdan daşary ukyplary we bilgiçligi ýüze çykýar.
Wanga Orta asyrda ýaşap geçen Nostradamus ýaly nirde nähili wakanyñ boljagyny öñünden bilipdir, goşun gullugyna gitjek erkekleriñ adlaryny olaryñ sag-aman geljegini ýa-da uruşda öljegini aýdypdyr.Onuñ öñden görüjiligi dumly duşa ýaýraýar.Ýüzlerçe adam Wanga haraý isläp barýar.Wanga ençeme betbagtçylyga uçranlara kömek edipdir.Ol keselleri hat-da bejerip bolmajak keselleride kömek edipdir.Herkim oña bilen öz derdini arkaýyn aýdyp bilýär.Hiç haçan hiç kime ýok diýmezdi.
1941ý-1945ý-uruş ýyllar aralygynda ýarym milýon adam haraý isläp gelipdir.Wanga tä keselläp tapdan düşýänçä adam kabul etmesini bes etmändir.Wanga dünýä ýurtlary hakynda köp zat bilipdir, emma kän dil ýarmandyr.

2018-nji ýylda: Dünýäniñ deržawasy Hytaý bolar.Ösüp barýan ekspuatirlenen döwletler ekspuatator bolarlar.

2023-nji ýylda: Ýeriñ orbitasy bir azrak üýtgär.

2025-nji ýylda: Ýewropada entegem millet azlykda galar.

2028-nji ýylda: Energiýanyñ täze çeşmesini taparlar(mümkin termoýader reaksiýa esasynda bolup geçer.Açlyk bir azrak ýitmek bilen bolar.Kosmiki gämisi bilen Wenera planetasyna uçarlar.)

2033-nji ýylda: Polýar buzluklar erär.Dünýä okeanynyñ suw möçberi galar.

2043-nji ýylda: Dünýä ekonomikasy gülläp ugrar.Ýewropada Musulmanlar hökümdarlyk ederler.

2046-njy ýylda: Bedeniñ ähli organlaryny ösdürüp bilerler we bedeni bejerdeniñden çalşanyñ amatly bolar.

2066-njy ýylda: ABŞ-lary Musulmanlaryñ Rimine garşy täze ýaragy, ýagny klimatiki ýarag ulanmak bilen erbet sowuk howa dörär. 2076-njy ýylda: Klassyz jemgyýet dörär(kommunizm).

2084-nji ýylda: Tebigat dikeldiler.

2088-nji ýylda: Täze kesel, ýagny birnäçe sekundyñ içinde adamyñ bedeni garrar.

2097-nji ýylda: Çalt garramaklygy ýeñerler.

2100-nji ýylda: Emeli Gün hemrasy Ýeriñ garañky-gije tarapyny ýagtyldyp biler.

2111-nji ýylda: Adamlar kiborg bolarlar(ýagny içki organlary mikroçipe öwrülip robota öwrüler).

2123-nji ýylda: Kiçi döwletleriñ arasynda uruş bolar.Uly döwletler gatnaşmaz.

2125-nji ýylda: Wengriýada kosmosdan signal geler(Wanga barada ýatlarlar).

2130-njy ýylda: Suwuñ aşagynda ýaşaýyş dörederler(inoplaneta jandarlar maslahat bererler).

2164-nji ýylda: Haýwanlary ýarym adamlara öwürerler.

2167-nji ýylda: Täze din dörär.

2170-nji ýylda: Gurakçylyk bolar.

2183-nji ýylda: Marsa gidip ýaşap ýören adamlar, ýer planeta deržawasyndan garaşsyzlygy talap ederler.(Birwagtlar ABŞ hem Angliýadan şeýdip garaşsyz bolupdy.)

2187-nji ýylda: 2-nji ägirt uly wulkany duruzup bilerler.

2196-nji ýylda: Deñizasty ýaşaýjylar azyk-iýmit we energiýa bilen üpjün ediler.

2197-nji ýylda: Aziýatlar we Ýewropeýtler garym-gatym bolar.

2201-nji ýylda: Günde termoýader prossesi peselip, Ýer erbet sowap ugrar.

2221-nji ýylda: Älemde başga jandarlary gözläp ýören adamlar her hili zada kontaktlanyp erbet ýagdaý düşerler.

2256-nji ýylda: Kosmiki gämisi ýere erbet kesel getirýär.

2262-nji ýylda: Planetalaryñ orbitasy üýtgäp ugraýar, Marsa kometa howpy abanýar.

2271-nji ýylda: Üýtgän fiziki konstantalar täzeden hasaplanylýar.

2273-nji ýylda: Sary, ak, gara adamlar garyşyp täze millet peýda bolýar.

2279-njy ýylda: Hiç zatdan energiýa dörär(wakumdan ýa-da gara deşik planetasyndan).

2288-nji ýylda: Wagt meýdanynda syýahat edip bolar.İnoplaneta jandarlary bilen duşuşup bolar.

2291-nji ýylda: Gün öçüp başlar, ony ýakjak bolup çalşarlar.

2296-njy ýylda: Günde kuwwatly ýagtylma peýda bolar, dartylma güýji üýtgär.Köne sputnik we kosmiki gämiler ýere gaçarlar.

2299-njy ýylda: Fransiýada - Yslama garşy partizan urşy başlar.

2302-nji ýylda: Älemiñ täze syrlary we onuñ kanunlary açylar.

2304-nji ýylda: Aýyñ syry açylar.

2341-nji ýylda: Kosmosdan ýere bir zat howp abanýar.

2354-nji ýylda: Emeli Günde awariýa bolup, gurakçylygy döredýär.

2371-nji ýylda: Gaty erbet hiç bir ýerde görülmedik açlyk peýda bolýar.

2378-njy ýylda: Täze ösüp gelýän milletiñ döremegi.

2480-nji ýylda: 2-nji emeli Gün bir-biri bilen çaknyşyp, ýerde ýaryp gije dörär.

3005-nji ýylda: Marsda uruş dörär, planetalaryñ traýektoriýasy üýtgär.

3010-njy ýylda: Aýa uly kometa gaçyp, Ýer guşagynda tozan bilen daş gurşap alar.

3797-nji ýylda: Şu ýylda ähli janly jandarlar we ösümlikler ölüp, ýitip gidýärler we adamlar Ýyldyzlaryñ bir planetasynda mesgen tutmagy başarýarlar.

∆ 3803-nji ýylda: Täze planetanyñ klimaty adamlara täsir edýär.

3805-nji ýylda: Resurs üçin urş çykýar we adamlaryñ ýarysy ýok bolýar.

3815-nji ýylda: Uruş tamamlanýar.

3854-nji ýylda: Adamlar ýyrtyjy ýaly bolýar.

∆ 3871-nji ýylda Täze Pygamber adamlara ruhy gymmatlyklary aýdýar.

3874-nji Täze Pygamber adamlar tarapyndan gollanylýar.Täze Ybadathana gurulýar.

3878-nji ýylda: Başga planetalylar Täze Ybadathana bilen bilelikde unudylan ylmy öwrederler.

4302-nji ýylda: Planetada täze şäherler salynar.Täze Diniñ dolandyryjylary bilimiñ we tehnologiýanyñ ösüşini tizleşdirer.

4304-nji ýylda: Hemme hassalyklary ýeñmäniñ ýoly tapylýar.

4308-nji ýylda: Mutasion netijesinde adamzat ahyry beýnisiniñ 34%-nden gowrak bölegini işletmegi başlaýar.Erbetlilik we näletlilik komptlary düýbünden pozulýar.

4509-njy ýylda: Tañry bilen tanyşmak.Adamzat Tañry bilen aragatnaşygyñ ösüşiniñ derejesine ýetýär.

4599-njy ýylda: Adamzat ölümsizligi tapýar.

4674-nji ýylda: Adamzat medenýeti ösüşiniñ duralgasyna ýetýär.Başga planetalardaky ýaşaýan adamlaryñ sany 340 milýarda ýetýär we başga planetalar bilen gatnaşyk başlaýar.

5076-nji ýylda: Älem-Jahanyñ araçägi tapylýar, emma añyrsynda näme bardygy bilinenok.

5078-nji ýylda: Älem-Jahanyñ araçägini geçmek karary kabul edilýär.Ýöne, adamlaryň 40%-i muña garşy.

5079-njy ýylda: Ahyrzaman.

Awtor: (Görkezilmedi)


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (18 baha berildi berildi)

Okaldy: 1198.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(27)



 jellat

şonýaly köp bilýän bolsa öz gözünüň dermanyny tapmaly ekendä. menä kör ýaşasym gelmezdi gelejegi bilmän geçeýin. menä şol ýalan ýaşyryk gürläp ýörmükän diýýän
05.07.19 00:16
 DOWLET

ÝEKETAK ALLADYR MENEM ŞOŇA YNANÝARYN.
01.07.19 10:16
 patma

wiiiiii
29.06.19 08:17
 Alamyrat

Alla tagala kurani kerimi inderdi ahyrky Pygamder Muhammet aleýhissalamdyr Başga pygamber inmez Dünýaniñ ilkinji güninden ta kyýamata çenli kuranda aýat bar muhammet aleýhissalamniñ saýasy bolmandyr ol durşuna nurdyr wanga biz ýaly bir damja porsy suwdan wujuda gelendir Allanyñ habibi Muhammet aleýhissalam aýtmady bu barada wangada delil ýok Kuran bize delildir şuny unutmañ.!!
25.06.19 11:12
 Shyh

Basy yatdan cykdy
21.06.19 16:44
 AÝLARA

WANGADAN BASHGA GELJEGI ÖŇÜNDEN BILEN ÝOK.
19.06.19 13:27
 KURBANGÜL

HEMMELER ALLA BOÝUN BOLMALYDYR
19.06.19 13:25
 DURSUN

WANGANYŇ AÝDANLARYNYŇ KÖPÜSI DOGRY ÝALY.
19.06.19 13:23
 REÝHAN

PALAÝAM YNANMA PALSYZAM OTURMA. GELJEGE DIŇE ALLA GÜÝÇLI
19.06.19 13:20
 @@@

Ahyrzamandan soňy aýdylyp geçilmänmi
18.06.19 12:44
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 27-18

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak