TM HYZMAT BILMELI
"Ýadadym" goşgy


Ýalan ýylgyrşyma, saklap gaýgymy,
Bagtly ýaly görünmekden ýadadym.
Ses edip gülýärkäm, asyl kalbymda,
Sessiz-sessiz aglamakdan ýadadym.

Ýadadym hemme zat gelýär üstüme,
Çykan ýaly bary meniň kastyma.
Doýmadyňmy durmuş, gynap aýtsana,
Güýçli ýaly görünmekden ýadadym.

Söýülýändirin öýtdim, söýüşim ýaly,
Beýle däl ekeni, görüşim ýaly.
Maňa agyr gelýär, bularyň bary,
Indi menä ýaşamakdan ýadadym...

Awtor: (Belli däl)
Redaktor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.7/5 (9 baha berildi berildi)

Okaldy: 177. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 Myrat

Örän gowy goşgy
28.03.19 22:00
 .....

Bet!!!
27.03.19 22:32
 Abdylla

👍👍👍
23.03.19 00:08
 Maral

Bar bolanda name kopculuge yerireni ucun gunali daldira.
20.03.19 17:39
 Arzuw

Gaty gowy. Haladym tuweleme
20.03.19 07:31
 jem_l

Awtor belli dal bolarda bu gosgy onler line-de bardy...
19.03.19 11:51

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak