TM HYZMAT BILMELI
Ýagşy Goşunowy doglan güni bilen gutlaýas


Degişme kysymlyda
Düzen makalam...
Işler nähili gowuçylykmy?!.
Ýagşy we ejesi:

Öýüň telefonyna gije sagat 01:23-de jaň geldi… Ukynyň arasynda gidip telefony aldy. Telefondaky ses ejesiniň sesidi. Gorkdy, bir zat boldymyka diýip gaýgylandy. Ejesi:
- Nähilisiň oglum gowymyn? - diýip sorady. Ogly aljyran ýaly:
- Gowy eje näme gowylykmy, bir zat boldumy? Siz gowymynsyňyz? - diýdi. Ejesi:
- Biz gowy hiç zat ýok, ýöne sesiňi eşitmek isledim - diýdi. Ogly:
- Eje şonuň üçin jaň etdiňmi, sagat 01:23 gündiz gürleşsegem bolardy ahyry - diýende Ejesi:
- Bimaza etdimmi oglum? - diýdi. Ogly:
- Hawa bimaza etdiň! - diýip, gaharlanan ýaly jogap berdi. Muny eşiden Ejesi:
- 29 ýyl mundan öň senem meni edil şu sagatda bimaza edipdiň olgum, Dogulan günüň gutly bolsun… diýip telefony goýdy…
Ejesinden bu sözleri eşiden ogly biraz ynjaldy we ejesinden ötünç soramak hem-de minnetdarlyk bildirmek üçin yzyna, täzeden ejesine jaň etdi...

Ýagşy Goşunowuň kimdigini hemmäňiz bilýän bolsaňyz gerek... Onuň kimdigini bilmeýän gaty seýrekdir ýa-da ýok bolmagam ahmal. "Mus-Mus diýip durman Mustafa" diýäýin, dürli degişmeleri döretmekde tanymal, ady belli Ýagşy Goşunow 10.03.1990-njy ýylda doguldy, ondan bäri 29 ýyl geçipdir. 10.03.2019-njy ýylda ol 29 ýaşaýar, onuň doglan gününi öz adymdan, ähli muşdaklarynyň adyndan, şeýle-de bolsa kompaniýamyzyň adyndan tüýs ýüregimizden gutlaýarys! Gutlamak bilen oňa berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, saglyk bilen uzak ömür dileýäris! Allajan bagtyň özem Ýagşyny görüp bagtly bolmak islesin! Sagboluň!

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.5/5 (13 baha berildi berildi)

Okaldy: 12. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(12)



 Aly

Salam
17.05.19 20:59
 karkara

Omrunde yamanlyk yuzuni gorme janyn sag gorjegin dine gowulyk bolsun uzak yasa
11.05.19 19:40
 Soltanowa Merjen

Ýagsy bagysla suwat doglan gününi gutlaýan ön etmelidim doglan günün gutly bolsun janyn sag bolsun bagytly bol elmydama gowluk bolsun.
14.04.19 21:51
 Rovshen

Salam dost doglan gunun gutly bolsun, sana uzak omur berk jan saglyk arzuw edyarin!
10.03.19 14:41
 Kerim

Yagshy uzak yasha agam, görjegiň diňe govluk bolsun, elmydama shovlulyklar yaranyň bolsun!!! Gouja roliklaryňa garashyas!!!
10.03.19 13:59
 Atamyrat

Uzak yaşa dos bagtly bol Allajan saña uzak ömrü sowgat etsin menem señ muşdagyñ
09.03.19 16:45
 Ejesh

Uzak yasha!!!
09.03.19 14:41
 Rejepmammet

Ýaşyñ uzak bolsun görjegiñ elmydama gowylyk bolsun Ýagşy
09.03.19 05:05
 jem_l

Yagsy ilki bn saña jan saglyk dileyan.seniñ bagtyñ dünýâdâki "MEN BAGTLY"diýýânleñkiden 1000 esse köp bolsun....bu teswirimi yagsy gosunowa yetirseñiz menem sool bagtlylañ biri edersiñiz
08.03.19 18:12
 Semsat

Usak omur jan Gaglyk masgalasynda agzybirlik arzuw etyan. Gulki satlyk bn bizin aramyzda bol Yagsymyrat dogulan gunin bn.
08.03.19 18:11
başyna  yza>> 
görkezilen teswirler 11-2

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak