TM HYZMAT BILMELI
Ýagyş ýagsa aňyrsy görünýär


Latynça "Diphylleia" diýlip atlandyrylýan ösümligiň ak gülleri ýagyş ýagan mahaly aýna ýaly dury bolup, aňyrsy görünýär. Güller gurandan soňra ýene-de öňküsi ýaly ak reňke öwrülýär. Bu ösümlik dünýäde 3 sebitde - Hytaýda, Ýaponiýada we Amerikadaky Appalaçi dagynyň eteklerinde ösýär. Bu ösümlik çygly howany halaýar. Tebigy şertlerde gögerýän ösümlik öý şertlerinde hem ösdürilýär. Onuň boýy 40 santimetrden 1 metre çenli bolýar. Alymlar gülüň nähili ýagdaýda reňksiz bolýandygyny öwrenipdirler. Suw damjalary güle degeninde, islendik zada reňk berýän pigmentleriň täsiri ýitip, dury ýagdaýa öwrülýär. Guran mahaly bolsa ýene öňki ýagdaýyna gelýär.

Awtor: Gurbanmyradow Ahmet


Makala baha ber:

Reýting: 4.3/5 (6 baha berildi berildi)

Okaldy: 42. Şü gün okaldy: 1


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(6)



 jem_l

Way bolya.adam yalnysyp bilera..hormatly ahmedik..onnañam sayda gowja serdediñ..makala baha ber diyen yazgy barmy yok???
20.03.19 08:04
 Ahmedik

Hormatly adamlar hem okyjylar! Birinjiden bu makala däl-de goşgy. Ikinjiden bolsa, bu goşgynyň awtory men däl-de Annagurban Annagurbanow. Onda-da eden arzuwlaryňyz üçin minnetdar! Gyzykly wakalary ýetirip durarys, sagboluň!
19.03.19 23:39
 Ahmedik

Hormatl adamlar hem okyjylar! Birinjiden bu makala dä!-de goşgy. Ikinjiden bolsa, bu goşgynyň awtory men däl-de Annagurban Annagurbanow. Onda-da eden arzuwlaryňyz üçin minnetdar! Gyzykly wakalary ýetirip durarys, sagboluň!
19.03.19 23:38
 Maral

Ahmet iside ustunlik Alla sana zehin bersin dogamyna garasyas
15.03.19 15:02
 jem_l

Gaty gowy makala eken.galamyñyz ýiti bolsun..yene-de sular yaly makala garaşyas
14.03.19 13:09
 Maral

Tasin syrly vakalary kopurak yazyn dogamyna garasyas
14.03.19 04:50

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak