TM HYZMAT BILMELI
Ýatladyňmy sen


Säher bilen güniň dogan mahaly
Gözüň açanyňdan ýatladyňmy sen!?
Aý yşgy ýüzüňe düşen mahaly
Ulydan dem alyp ýatladyňmy sen!?

Haýalja ak garyň ýagşyn göreňde
Şol öňkije ýadajykdan ýöräňde
Duşuşýan ýermize baryp duraňda
Az salym seredip ýatladyňmy sen!?

Toýa-tomga ýeke gideňde özüň
Gök kürteli gelne düşende gözüň
Ýadyňa düşermi!
Şol beren sözüň
Şol wagt ökinip ýatladyňmy sen!?

Tolkunlar özini gaýa uranda
Öwsen şemal agaç başyn yranda
Toprak ysy kükräp burna uranda
Ulydan dem alyp ýatladyňmy sen!?

Gelni bolduň, bir öýüň törün bezäp
Dileýän bagtyňy daşyňdan gözläp
Allam perzent berdi dünýäňi bezäp
Ezizläp çagajygyň başyn sypap
Çagaň gözne bakyp öz gözüň çyglap
Darygyp şol pursat ýatladyňmy sen!?

Annagurban Annagurbanow


Makala baha ber:

Reýting: 0.0/5 (0 baha berildi berildi)

Okaldy: 58.


Makala hakda pikiriňiz paýlaş! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(1)



 S. D. n.

Gaty gowy eline saglyk.
03.04.19 21:13

Teswir galdyr





Makalany haladyňmy? Onda salgysyny (ssylkasyny) dostlaryň bilen paýlaş!


Okamagy maslahat berýäs


Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak